Raisi: Şwesiýanyň hökümeti tarapyndan Gurhana bolan bihormatçylygy ýazgarmak düýbünden ýeterlik däl
Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Seýid Ebrahim Raisi "Şwesiýanyň hökümeti tarapyndan Gurhany kemsitmegi ýazgarýan beýannama bermek hiç hili derejede ýeterlik däl we bu hökümet bu jenaýatçylary jezalandyrmalydyr" diýip nygtady.
IRNA-nyň habaryna görä Häkimiýet baştutanlarynyň Ykdysady utgaşdyrmak boýunça ýokary geňeşiň 91-nji mejlisinde Seýid Ebrahim Raisi şenbe güni agşam Şwesiýanyň hökümetiniň ylahy dinleriň ähli tarapdarlary tarapyndan hormatlanýan we Musulmanlaryň Mukaddes Kitabyny kemsitmek jenaýatyna garşy özüni alyp barşyny ýazgaryp Yslam rewolýusiýasynyň ýokary lideriniň belleýşi ýaly, bu waka dildüwşük we howply waka, Şwesiýanyň hökümetiniň bu jenaýat işine goldaw bermegi Yslam dünýäsine garşy söweş düzümine girmek hökmünde kabul edilýär diýdip beýan etdi.