Kanani: Eýran, Gurana bihormatçylyk edilmegine garşy göreşmek üçin halkara mümkinçiliklerinden peýdalanýar
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i22558-kanani_eýran_gurana_bihormatçylyk_edilmegine_garşy_göreşmek_üçin_halkara_mümkinçiliklerinden_peýdalanýar
Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary, Gurany kemsitmegi ýazgaryp, Eýran Yslam Respublikasynyň ähli halkara mümkinçiliklerinden we adam hukuklaryndan peýdalanyp, Gurany kemsidýän ýurtlar we adamlar bilen iş salyşjakdygyny aýtdy.
(last modified 2023-07-24T08:18:49+00:00 )
Jul 24, 2023 13:18 Asia/Ashgabat

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary, Gurany kemsitmegi ýazgaryp, Eýran Yslam Respublikasynyň ähli halkara mümkinçiliklerinden we adam hukuklaryndan peýdalanyp, Gurany kemsidýän ýurtlar we adamlar bilen iş salyşjakdygyny aýtdy.

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Naser Kanani, EýranPress-yň habarçysynyň Eýranyň we beýleki yslam ýurtlarynyň Gurany kemsitmek baradaky hereketleri baradaky soragyna jogap edip: Gurany kemsitmek beýleki halklaryň hukuklarynyň aç-açan bozulmagydyr diýdi.

"Kanaani" sözüniň dowamynda asmanlyk mukaddes zatlary kemsitmek kabul ederliksiz we bu çäre musulman raýatlary bolan ýurtlarda edildi diýdi.

Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary şeýle hem Yslam hyzmatdaşlygy guramasynyň iň möhüm agzasy bolan Eýran muňa çynlakaý garşylyk görkezdi we gyssagly ýygnak geçirmek isledi.