Amir Abdollahian: Ermenistan bilen Azerbaýjan Respublikasynyň arasyndaky parahatçylyk gepleşikleriniň gidişini goldaýarys
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i22564-amir_abdollahian_ermenistan_bilen_azerbaýjan_respublikasynyň_arasyndaky_parahatçylyk_gepleşikleriniň_gidişini_goldaýarys
Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri ermeni kärdeşi bilen bilelikde geçirilen metbugat ýygnagynda Ermenistan bilen Azerbaýjan Respublikasynyň arasyndaky parahatçylyk gepleşikleriniň gidişini goldaýarys diýdi.
(last modified 2023-07-24T10:10:01+00:00 )
Jul 24, 2023 15:10 Asia/Ashgabat

Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri ermeni kärdeşi bilen bilelikde geçirilen metbugat ýygnagynda Ermenistan bilen Azerbaýjan Respublikasynyň arasyndaky parahatçylyk gepleşikleriniň gidişini goldaýarys diýdi.

Eýranyň Daşary işler ministri Huseýin Amir Abdollahian geçen 2023-nji ýylyň iýunynda Bakuwdaky saparyna we Azerbaýjanyň prezidenti Elham Aliýew bilen duşuşygyna we şu gün (duşenbe) Ermenistanyň Daşary işler ministri Ararat Mirzoýan bilen duşuşygyny Tähranyň Kawkaz sebitinde parahatçylygy we howpsuzlygy ýola goýmak ugrundaky tagallalarynyň çäginde bildi.

EýranPress habar gullugynyň habaryna görä, Ermenistanyň Daşary işler ministri şu gün Tährana geldi we resmi garşylaýyş dabarasyndan soň Huseýin Amir Abdollahian bilen söhbetdeş boldy, soňra iki tarap bilelikdäki metbugat ýygnagynda öz pozisiýalaryny mälim etdiler.

Bu metbugat ýygnagynda Huseýin Amir Abdulhian ara alyp maslahatlaşylan meseleler barada maglumat berip Tähranyň Ermenistan bilen gatnaşyklaryna uly ähmiýet berýändigini aýtdy.

Eýranyň Daşary işler ministri Ermenistan bilen Azerbaýjan Respublikasynyň arasyndaky parahatçylyk gepleşikleriniň gidişini garşy almak bilen Kawkaz gapma-garşylyk meýdanyna öwrülmeli däldir we ony bäsdeşlik meýdanyna öwürmek sebitde çynlakaý kynçylyk döreder diýdi.

Ermenistanyň Daşary işler ministri bu metbugat ýygnagynda Eýran bilen baý taryhy gatnaşyklar Ermenistan üçin möhüm ähmiýete eýedir we Eýran özboluşly dostluk bolup galar we dowam eder diýdi.

Ermeni Daşary işler ministri sözüniň dowamynda özara hormata esaslanýan ikitaraplaýyn gatnaşyklar iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlykda täze gözýetim wada berýär diýdi.