Kanani: Sionist basyp alyjy režiminiň ýok olmagy ýakyn
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i22602-kanani_sionist_basyp_alyjy_režiminiň_ýok_olmagy_ýakyn
Sişenbe güni agşam, Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Nablusda şehit bolanlaryň maşgalalaryna gynanç bildirmek bilen galp, basyp alyjy we terrorçy sionist režimiň ýok bolmagy ýakyndyr diýdi.
(last modified 2023-07-26T04:56:03+00:00 )
Jul 26, 2023 09:56 Asia/Ashgabat
  • Kanani: Sionist basyp alyjy režiminiň ýok olmagy ýakyn

Sişenbe güni agşam, Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Nablusda şehit bolanlaryň maşgalalaryna gynanç bildirmek bilen galp, basyp alyjy we terrorçy sionist režimiň ýok bolmagy ýakyndyr diýdi.

Sişenbe güni Nablusda bolan çaknyşykda sionist esgerler üç palestinalyny şehit etdiler we jesetlerini näbelli ýere alyp gitdiler.

Bu çaknyşyk Nablusyň Jerzim dagynyň golaýyndaky sionist režimiň howpsuzlyk merkezinde bolup geçdi.

Fars habar gullugynyň habaryna görä, Naser Kanani Palestiniň halkyna we garşylyk toparlaryna ýüzlenip şehitleriňiziň arassa gany biderek bolmaz we Ysraýylyň galp, basyp alyjy we terrorçylyk režiminiň ýok boljakdygy ýakyndyr diýip beýan etdi.