Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň daşary işler ministrleriniň gyssagly ýygnagy geçirilýär
Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Naser Kanani geljek duşenbe güni Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň daşary işler ministrleriniň wirtual gyssagly ýygnagynyň geçiriljekdigini habar berdi.
IRNA habar gullugynyň habaryna görä, Naser Kanani sişenbe güni agşam Eýran Yslam Respublikasynyň we Yragyň daşary işler ministrleriniň bilelikdäki teklibi we Daşary işler ministri Huseýin Amir Abdollahian bilen Yslam ýurtlaryndaky kärdeşleri bilen aragatnaşykdan we olara habar ibermekden we Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary bilen söhbetdeşlikden we şol guramanyň Baş sekretaryna iberilen hatdan soň, bu gurama 2023-nji ýylyň 31-njy Iýullynda duşenbe güni daşary işler ministrleriniň adatdan daşary ýygnagynyň geçirilmegi bilen ylalaşdy we bu ýygnagda Şwesiýada we Daniýada Mukaddes Gurany kemsitmek meselesi ara alnyp maslahatlaşylar diýdi.