Raisi: Yslam şehitleriniň gany sebäpli täze dünýä tertibi döredilýär
Jul 27, 2023 13:08 Asia/Ashgabat
Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti, Yslam Rewolýusiýasynyň mekdebini Ymam Hüseýin (AS) we Aşura mekdebiniň dowamy hasaplady we şeýle diýdi: "Şu gün Yslam şehitleriniň arassa gany sebäpli täze dünýä tertibi dörändir.
"Mehr" habar gullugynyň habaryna görä, Eýranyň prezidenti, prezident edarasynyň ýas tutýanlarynyň ýygnanyşygynda Yslam Rewolýusiýasy mekdebini Ymam Hüseýin (a.s.) we Aşura mekdebiniň dowamy we giňelmesi hasaplady we şeýle diýdi: "Ymam Huseýiniň (a.s.) ganynyň nadanlygyň ýok oomagyna sebäp bolşy ýaly häzirki wagtda şehitlerimiziň arassa gany jemgyýetden nadanlygy aýyrýandyr diýip nygtady.