Ymam Huseýiniň (A.S) şehit bolmagynyň ýyl dönüminde Eýran ýasa gark boldy
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i22622-ymam_huseýiniň_(a.s)_şehit_bolmagynyň_ýyl_dönüminde_eýran_ýasa_gark_boldy
Ymam Huseýiniň (A.S) şehit bolan gününiň ýyl dönüminde Yslam Eýrany bütinleý gara geýinip hasrat we ýasa gark boldy.
(last modified 2023-07-28T08:01:58+00:00 )
Jul 28, 2023 13:01 Asia/Ashgabat
  • Ymam Huseýiniň (A.S) şehit bolmagynyň ýyl dönüminde Eýran ýasa gark boldy

Ymam Huseýiniň (A.S) şehit bolan gününiň ýyl dönüminde Yslam Eýrany bütinleý gara geýinip hasrat we ýasa gark boldy.

Bu gün anna güni, 1445-nji ýylyň Muharram aýynyň 10-njy güni Ymam Husýiniň (AS) we onuň 72 wepadar ýaranynyň şehit bolan gününiň ýyl dönümin gabat gelýär.

EýranPress habar gullugynyň habaryna görä, Hezreti Aba Abdullah Al-Huseýin (AS) we wepaly ýoldaşlary Hijri kamary seneden 61-nji ýylyň Muharram aýynyň 10-nji güni Karbalada şehit boldular.

Ymam Huseýin (A.S) Karbala wakasynda aç-açan aýdan sözlerinde " Bu hereketden maksat yslama garşy hökümeti ruswa etmek we ýagşylyga buýruk bermek we ýamanlykdan gaçyrmak we zuluma garşy durmak" diýip yglan etdiler.