Eýranyň we Şri-Lankanyň daşary işler ministrleri söwda we syýahatçylygyň ösüşini nygtadylar
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i22740-eýranyň_we_Şri_lankanyň_daşary_işler_ministrleri_söwda_we_syýahatçylygyň_ösüşini_nygtadylar
Eýran Yslam Respublikasynyň we Şri-Lankanyň Daşary işler ministrleri bilelikdäki metbugat ýygnagynda iki ýurduň arasynda söwda we syýahatçylygyň ösmegine ünsi çekdiler.
(last modified 2023-08-05T11:37:06+00:00 )
Aug 05, 2023 16:37 Asia/Ashgabat
  • Eýranyň we Şri-Lankanyň daşary işler ministrleri söwda we syýahatçylygyň ösüşini nygtadylar

Eýran Yslam Respublikasynyň we Şri-Lankanyň Daşary işler ministrleri bilelikdäki metbugat ýygnagynda iki ýurduň arasynda söwda we syýahatçylygyň ösmegine ünsi çekdiler.

Şri-Lankanyň Daşary işler ministri Ali Sabri şu gün (şenbe) Eýranyň Daşary işler ministri Huseýin Amir Abdollahianyň garşy almagy bilen Tährana geldi.

IRNA-nyň habaryna görä, Eýranyň Daşary işler ministri şu gün (şenbe) Şri-Lankanyň Daşary işler ministri bilen bilelikde geçirilen metbugat ýygnagynda söwda we syýahatçylygy ösdürmek we halkara guramalarynda hyzmatdaşlygy artdyrmak barada ylalaşýarys diýdi.

Eýranyň Daşary işler ministri sözüniň dowamynda häzirki wagtda Aziýada ägirt uly mümkinçilikler sebäpli dünýä güýçleriniň ünsüni özüne çekendigine we Aziýa ýurtlary gepleşikler we milletleriň bähbitler boýunça özara gatnaşyklar arkaly geçmişe görä has köp hyzmatdaş bolmalydyrlar diýdi.

Amir Abdollahian şeýle-de  Adam söwdasyna we neşe gaçakçylygyna garşy göreş meselesinde hem pikir alyşmalar geçirildi we halkara hukugyna laýyklykda ykdysady we söwda hyzmatdaşlygynyň güýçlendirilmegini nygtadyk diýip beýan etdi.

Şri-Lankanyň Daşary işler ministri hem bu metbugat ýygnagynda Eýranyň Daşary işler ministrini duşmançylyga garamazdan Eýran halkynyň çeýeligi we güýçli bolmagy bilen gutladym we bu ýurduň halkynyň gaty güýçlidigini aýtdyp diýdi.

Sabri sözüniň ýene bir bölüminde Eýran bilen gowy gatnaşykda bolmak isleýäris we has köp eýranlynyň Şri-Lanka syýahat etmegini isleýäris diýdi.