Eslami: Buşehr atom elektrik stansiýasynyň elektrik önümçiligi 60 milliard kilowat sagatdan geçdi
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i22748-eslami_buşehr_atom_elektrik_stansiýasynyň_elektrik_önümçiligi_60_milliard_kilowat_sagatdan_geçdi
Eýran Yslam Respublikasynyň Atom Energiýasy Guramasynyň başlygy: Buşehr atom elektrik stansiýasynyň elektrik önümçiliginiň 60 milliard kilowat sagatdan geçendigini aýtdy.
(last modified 2023-08-07T04:57:20+00:00 )
Aug 07, 2023 09:57 Asia/Ashgabat
  • Eslami: Buşehr atom elektrik stansiýasynyň elektrik önümçiligi 60 milliard kilowat sagatdan geçdi

Eýran Yslam Respublikasynyň Atom Energiýasy Guramasynyň başlygy: Buşehr atom elektrik stansiýasynyň elektrik önümçiliginiň 60 milliard kilowat sagatdan geçendigini aýtdy.

Eýranyň Atom Energiýasy Guramasynyň başlygy "Muhammet Eslami" şu gün Buşhr atom elektrik stansiýasynyň elektrik energiýasy 60 milliard kilowat sagatdan gowrak boldy we şonuň üçin 90 million barrele barabar nebitiň tygşytlanandygyny aýdyp bolar diýdi.

Eýranyň Yslam Şura Mejlisiniň Milli Howpsuzlyk we Daşary Syýasat Komissiýasynyň agzalary Eýranyň Atom Energiýasy Guramasynyň başlygy bilen duşuşdy we pikir alyşdylar.

IRNA-nyň habaryna görä, Eslami bu ýygnakda eden çykyşynda ýadro tehnologiýasynyň ähli mowzuklaryny ösdürmek we giňeltmek bu tehnologiýanyň adamlaryň durmuşyna girmegine we onuň halk hojalygyna täsirli bolmagyna sebäp bolar diýdi.

Eýranyň Atom Energiýasy Guramasynyň başlygy şeýle-de, Yslam Şura Mejlisiniň Milli Howpsuzlyk we Daşary Syýasat Komissiýasynyň agzalary bilen duşuşygynyň dowamynda bu döwürde Halkara Atom Energiýasy Guramasy bilen gatnaşygy dolandyrmak üçin tagalla edilendigini aýtdy.

Eýranyň Atom Energiýasy Guramasynyň başlygy sözleriniň ahyrynda biz gün tertibimizde tizlenmeli Buşehr atom elektrik stansiýasynyň 2-nji we 3-nji tapgyrlaryny tamamlamagy meýilleşdirýäris diýdi.