Amir Abdollahian: Ukrainadaky söweş çözgüt däl
Eýranyň daşary işler ministri Ukrainadaky söweşiň çözgüt däldigini aýtmak bilen, Eýranyň Ukrainadaky konfliktiň taraplaryny ýaraglandyrmagyna garşydygyny aýtdy.
Fars habar gullugynyň habaryna görä, Tokioda ýerleşýän Eýranyň Daşary işler ministri Huseýin Amir Abdollahian metbugat ýygnagynda Ukraina we Eýran bilen Russiýanyň arasyndaky harby hyzmatdaşlyk barada beren gürrüňlerinde, Eýranyň Ukrainadaky söweşde ulanyljak pilotsyz uçarlary hiç bir tarapa bermändigini aýtdy.
Amir Abdullahian Russiýanyň dünýäde iň uly ýarag öndürijilerinden we eksport edijilerinden biridigini aýtmak bilen Ýaponiýada çap edilen habara görä Ukrainadaky söweşde ulanylýan bölekleriň köpüsiniň Günbatar ýurtlaryndan alnandygyny aýtdy.
Eýranyň Daşary işler ministri geçen ýyl Ukrainanyň Daşary işler ministrinden Ukraina söweşinde eýranly pilotsyz uçarlaryň ulanylmagy barada resminamalary bar bolsa ony Eýranyň harby ýolbaşçylaryna bermegini isländigini aýtdym ýöne Ukrainanyň Daşary işler ministri oňa hiç hili resminamanyň ýokdygyny we Eýranyň pilotsyz uçarlaryny Ukrainadaky söweşde ulanmak baradaky aýyplamalar düýbünden ýalan we nädogrydygyny aýdandygyny beýan etdi.
Amir Abdullahian Eýranyň Ukrainadaky islendik söweş taraplaryny ýaraglandyrmaga garşydygyny aýtmak bilen Amerikan we Günbatar ýaraglarynyň Ukraina uly göwrümli iberilmeginiň dowam etmegi, bu ýurtda howpyň, durnuksyzlygyň, öldürmegiň we weýrançylygyň sebäbidir diýdi.