Raisi: Žurnalistler adamlar bilen ýolbaşçylaryň arasynda köpri hökümindedirler
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i22766-raisi_Žurnalistler_adamlar_bilen_ýolbaşçylaryň_arasynda_köpri_hökümindedirler
Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti žurnalistleriň halk bilen ýolbaşçylaryň arasyndaky köpri bolandygyny aýtmak bilen žurnalistler metbugat hökmünde halkyň ýüreginde umyt döretmelidirler diýdi.
(last modified 2023-08-08T08:53:36+00:00 )
Aug 08, 2023 13:53 Asia/Ashgabat
  • Raisi: Žurnalistler adamlar bilen ýolbaşçylaryň arasynda köpri hökümindedirler

Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti žurnalistleriň halk bilen ýolbaşçylaryň arasyndaky köpri bolandygyny aýtmak bilen žurnalistler metbugat hökmünde halkyň ýüreginde umyt döretmelidirler diýdi.

Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Seýid Ebrahim Raisi žurnalistiň gününi gutlady we žurnalistiň işiniň ähmiýetini nygtamak bilen žurnalistler, suratkeşler we taryhçylar ýokary derejä eýedirler we habarlary we maglumatlary diňleýjilere ýetirmek üçin öz ygtyýaryndaky gurallary ulanmalydyrlar diýdi.

Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti adam güýjüni habarlar pudagynyň iň möhüm oklaryndan biri hasaplady we şeýle diýdi: Tehnologiýanyň ösmegi bilen habarlary ýaýratmagyň serişdeleri ep-esli artan bolsada ýöne esasy rol oýnamaly we diňleýjileri üçin sungaty bilen iň oňat görnüşde mazmun ýazmaly tarap adam güýjidir diýip beýan etdi.

Raisi metbugat işgärlerine minnetdarlyk bildirmek bilen duşmanyň metbugat akymy ýalany hakykat we hakykaty ýalan ýaly görkezmäge synanyşýar we atmosferany erbet edip görkezmek isleýär; şonuň üçin bu aň-bilim söweşinde duşmanlara garşy durmak üçin aň-bilim gorag gurallaryny ulanmaly diýdi.

Şu gün, 1402-nji ýylyň 17-nji Mordady, 2023-nji ýylyň 8-nji awgustyna deň, žurnalisti hormatlamak günidir.