Raisi: Eýran Yslam Respublikasynyň harby güýçleriniň sebitde bolmagy howpsuzlyk faktorydyr
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i22774-raisi_eýran_yslam_respublikasynyň_harby_güýçleriniň_sebitde_bolmagy_howpsuzlyk_faktorydyr
Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti, Eýran Yslam Respublikasynyň harby güýçleriniň bu sebitiň hemme ýerinde bolmagy howpsuzlyk faktorydygyny aýtdy.
(last modified 2023-08-09T07:28:12+00:00 )
Aug 09, 2023 12:28 Asia/Ashgabat
  • Raisi: Eýran Yslam Respublikasynyň harby güýçleriniň sebitde bolmagy howpsuzlyk faktorydyr

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti, Eýran Yslam Respublikasynyň harby güýçleriniň bu sebitiň hemme ýerinde bolmagy howpsuzlyk faktorydygyny aýtdy.

Eýranyň prezidenti Seýid Ebrahim Raisi şu gün (çarşenbe) başlyklar sammitiniň zalynda häräm goraýjy şehitleri hatyralama dabarasynda şehitler jemgyýetiň zerurlyklaryny bilýändikleri we rol oýnamak üçin töwekgelçilik etmäge taýýardyklary üçin öz döwrüniň intellektuallarydygyny görkezdiler diýdi.

Raisi şehit Haj Kasym Soleýmaniniň hatyrasyny ýatlap häzirki wagtda Şehit Soleýmaniň gany duşman üçin Kasym Soleýmaniden has howpludyr we bu asylly şehitiň ady, ýady, ýoly we ideallary jemgyýetde beýik adamlary döredýär diýdi.

Raisi şeýle-de şehitleriň sargydy yslam gymmatlyklary goramak, howpsuzlyk, ösüş we hudaý ýolunda berk durmakdyr diýip beýan etdi.

Eýranyň prezidenti şeýle-de DAEŞ-yň Yslam dünýäsinde bulum-bujurlyk döretmegiň we gan dökmegiň we öýleri ýykmagyň yzynda bolandyklaryny, ýöne şehitleriň garşysynda şowsyz bolandygyny aýtdy.