Daşary işler ministrliginiň Eýranyň ele salnan baýlyklarynyň boşadylmagy baradaky beýany
Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrligi ele salnan Eýranyň baýlyklarynyň boşadylmagy we ABŞ tarapyndan bikanun tussag edilen birnäçe tussagyň boşadylmagy barada beýanat berip, Amerikanyň tarapyndan Eýranyň ele salnan baýlyklaryny boşatmak baradaky borçnamalaryny ýerine ýetirmegi üçin zerur kepillik alyndy diýip yglan etdi.
IRNA-nyň habaryna görä, bu beýannamada şeýle diýilýär: Eýran Yslam Respublikasynyň birnäçe ýyl bäri ABŞ tarapyndan Günorta Koreýada bikanun ele salnan Eýran Yslam Respublikasynyň emläklerinden milliardlarça dollar boşatmak prosesi başlandy we Eýran, Amerikanyň bu meselede öz borçlaryny ýerine ýetirmegi üçin zerur kepillik aldy diýip getirilýär.
Bu beýannamanyň dowamynda şeýle diýilýär: Bikanun ele salnan maliýe çeşmelerini boşatmakdan başga-da, bütin dünýäde eýranlylaryň hukuklaryny goramak Daşary işler ministrliginiň aýrylmaz borçlaryndan biridir. Şol çäkde, soňky ýyllarda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň rehimsiz sanksiýalaryny bozmakda aýyplanyp, bikanun tussag edilen bir topar bigünä eýranly tussagyň boşadylmagy çynlakaý yzarlandy.
Şunuň bilen baglylykda ABŞ tarapyndan bikanun tussag edilen birnäçe tussagyň boşadylmagy ýakyn wagtda amala aşyrylar.
Mundan ozal Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministriniň syýasy orunbasary Ali Bageri hem Eýranyň birnäçe milliard dollarlyk emlägini boşatmak etabynyň başlandygyny aýtmak bilen tutulan birnäçe eýranlynyň boşadylmagy hem şu mazmundadyr diýip yglan edipdi.
Arkanzas ştatyndan bolan respublikan senator Tom Kotton, Tähran bilen Waşingtonyň arasynda tussaglaryň alyş-çalşygynyň başlanmagyna we ABŞtarapyndan Günorta Koreýada birnäçe ýyl bäri bikanun ele salnan Eýran Yslam Respublikasynyň milliardlarça dollarlyk emläginiň boşadylmagyna reaksiýa görkezip, muny "Baýdeniň Eýranyň sazyna tansy" diýip düşündirdi we muny bes etmegini isledi.