Atom energiýasy guramasynyň başlygy, Eýranyň ýadro pudagyndaky ösüşiniň dowam etmegine ünsi çekdi
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i22832-atom_energiýasy_guramasynyň_başlygy_eýranyň_ýadro_pudagyndaky_ösüşiniň_dowam_etmegine_ünsi_çekdi
Eýran Yslam Respublikasynyň Atom Energiýasy Guramasynyň başlygy, Eýranyň ýadro pudagyndaky ösüşiniň dowam etjekdigini nygtady.
(last modified 2023-08-13T06:55:05+00:00 )
Aug 13, 2023 11:55 Asia/Ashgabat
  • Atom energiýasy guramasynyň başlygy, Eýranyň ýadro pudagyndaky ösüşiniň dowam etmegine ünsi çekdi

Eýran Yslam Respublikasynyň Atom Energiýasy Guramasynyň başlygy, Eýranyň ýadro pudagyndaky ösüşiniň dowam etjekdigini nygtady.

Eýranyň ýaş ýadro alymlary we hünärmenleri; Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň we Ak tamyň günbatar ýaranlarynyň sanksiýalaryna we päsgelçiliklerine garamazdan, dürli ylmy we ýadro lukmançylyk enjamlaryny öndürmekde we gurmakda möhüm ösüşleri gazandylar.

ISNA-nyň habaryna görä, Eýranyň Atom Energiýasy Guramasynyň başlygy "Muhammet Eslami" "Senagat markalaryň saýlananlary" konferensiýasynda eden çykyşynda beýlekiler ýadro pudagyny duruzmak üçin elinden gelenini etdiler, emma häzirki wagtda ýadro pudagy giňelendir diýdi.

Eýranyň Atom Energiýasy Guramasynyň başlygy sözüniň dowamynda bu ýyllarda agyr hüjümler bilen ýüzbe-ýüz bolduk, emma häzirki wagtda 300 gramdan gowrak agyr suw emele getirijisi bar, olaryň her gramy käwagt on müňlerçe dollar bolýar diýip beýan etdi.

Eslami şeýle-de bu strategiki mümkinçiliklere eýe bolmak, bir wagtlar ýurduň gadagan sebite girmegini aňladýardy, emma biz oňa girdik diýdi.

Eýranyň Atom Energiýasy Guramasynyň başlygyşeýle-de şu gün deňsiz söweşýäris we şu şertlerde hemme zady gazandyk, ýöne has köp işlemeli we goramaly diýip sözlerine goşdy.