Şahçeragda ýene bir terrorçylykly waka boldy
Aug 13, 2023 18:48 Asia/Ashgabat
Şu gün agşam (ýekşenbe) Şirazyň Şahçeragynda ýene bir terrorçylykly waka boldy.
Käbir habar çeşmeleriniň beren habaryna görä, bu terrorçylykly hereketde Şahçerag ybadathanasynyň hyzmatkärlerinden birisi şu wagta çenli şehit bolup zyýaratçylaryň 7-si ýaraly bolandyr.
Terrorçy hem tussag edildi. Terrorçy DAEŞ topary bu jenaýatyň jogapkärçiligini boýun aldy.
Häzirki wagtda mukaddes Şahçerag ybadathanasynyň ýagdaý asuda we gözegçilik astyndadyr.