Amir Abdollahian: Şahçerag terror operasiýasyny amala aşyranlara agyr gün garaşýar
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i22844-amir_abdollahian_Şahçerag_terror_operasiýasyny_amala_aşyranlara_agyr_gün_garaşýar
Eýranyň daşary işler ministri Şahçeragdaky terrorçylykly operasiýany berk ýazgardy we "Bu jenaýaty edenlere, ýolbaşçylaryna we goldaýanlara agyr gün garaşýar" -diýdi.
(last modified 2023-08-14T01:24:50+00:00 )
Aug 14, 2023 06:24 Asia/Ashgabat
  • Amir Abdollahian: Şahçerag terror operasiýasyny amala aşyranlara agyr gün garaşýar

Eýranyň daşary işler ministri Şahçeragdaky terrorçylykly operasiýany berk ýazgardy we "Bu jenaýaty edenlere, ýolbaşçylaryna we goldaýanlara agyr gün garaşýar" -diýdi.

ýekşenbe agşamy Şirazyň Şahçeragynda ýene bir terrorçylykly waka boldy.

Käbir habar çeşmeleriniň beren habaryna görä, bu terrorçylykly hereketde Şahçerag ybadathanasynyň hyzmatkärlerinden birisi şu wagta çenli şehit bolup zyýaratçylaryň 7-si ýaraly bolandyr.

IRNA habar gullugynyň habaryna görä; Hosseýn Amirabdollahian, bu jenaýaty edenlere, serkerdelerine we goldaýanlara agyr jezanyň garaşýandygyny aýtdy, şeýle-de watandaşlaryň biriniň şehit bolmagyna gynanç bildirip, bu pajygaly wakada ýaralananlaryň saglygyny we sagalmagyny dileg etdi.