Raisi: Adam hukuklaryny toslaýanlar hiç bir kanuna boýun egmeýärler
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i22946-raisi_adam_hukuklaryny_toslaýanlar_hiç_bir_kanuna_boýun_egmeýärler
Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti, azadalaryň ýurda gaýdyp gelmeginiň ýyl dönüminde Ýewropa türmelerinden täze çykan diplomat Asadullah Asadiniň öýünde huzurly bolup oň bilen duşuşyanda adam hukuklaryny talap edýänleriň haýsydyr bir kanuna boýun egmeýändigini aýtdy.
(last modified 2023-08-19T09:53:26+00:00 )
Aug 19, 2023 14:53 Asia/Ashgabat
  • Raisi: Adam hukuklaryny toslaýanlar hiç bir kanuna boýun egmeýärler

Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti, azadalaryň ýurda gaýdyp gelmeginiň ýyl dönüminde Ýewropa türmelerinden täze çykan diplomat Asadullah Asadiniň öýünde huzurly bolup oň bilen duşuşyanda adam hukuklaryny talap edýänleriň haýsydyr bir kanuna boýun egmeýändigini aýtdy.

2018-nji ýylyň 30-njy iýunynda Asadullah Asadi sionist režimiň we käbir günbatar howpsuzlyk gullugynyň dizaýny bilen Germaniýada tussag edildi, soňra Belgiýa geçirildi we syýasy kazyýetde 20 ýyl azatlykdan mahrum edildi.

Asadi 5 ýyl ýesirlikden soň, 2023-nji ýylyň 26-njy maýynda hökümetiň, esasanam Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň diplomatik tagallalary bilen boşadyldy we ýurda gaýdyp geldi.

Dostlukly ýagdaýda geçirilen bu ýygnakda Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Seýid Ebrahim Raisi, bu Eýranly diplomatyň boşadylmagyny we bu kyn synagda özi we maşgalasynyň üstünliklerini we buýsanjyny gutlamak bilen adam hukuklaryny talap edýänler haýsydyr bir kanuna boýun egmeýändiklerini we Eýran diplomatynyň diplomatik eldegrilmesizligini aç-açan we görlüp-eşidilmedik derejede bozup, halkara düzgünleri we ýörelgeleri bozandyklaryny ýene bir gezek görkezdiler diýdi.

Bu duşuşykda Asadi hem Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentine Germaniýa we Belgiýa türmelerinde tussag edilendigi barada hasabat berdi.