Eýran bilen Alžiriň ikitaraplaýyn ykdysady we halkara gatnaşyklaryny ösdürmäge berýän ünsi
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i22958-eýran_bilen_alžiriň_ikitaraplaýyn_ykdysady_we_halkara_gatnaşyklaryny_ösdürmäge_berýän_ünsi
Eýranyň Yslam Şura Mejlisiniň başlygy we Alžiriň Mejlisiniň başlygy ikitaraplaýyn ykdysady, sebit we halkara gatnaşyklarynyň ösmegine ünsi çekdiler.
(last modified 2023-08-21T09:07:24+00:00 )
Aug 21, 2023 14:07 Asia/Ashgabat
  • Eýran bilen Alžiriň ikitaraplaýyn ykdysady we halkara gatnaşyklaryny ösdürmäge berýän ünsi

Eýranyň Yslam Şura Mejlisiniň başlygy we Alžiriň Mejlisiniň başlygy ikitaraplaýyn ykdysady, sebit we halkara gatnaşyklarynyň ösmegine ünsi çekdiler.

ISNA-nyň habaryna görä, Alžirli kärdeşi bilen Tähranda bilelikdäki ikitaraplaýyn duşuşykdan soň Eýranyň Yslam Şura Mejlisiniň başlygy Muhammet Bager Galibaf žurnalistleriň ýygnagynda eden çykyşynda bu duşuşykda ikitaraplaýyn ykdysady, sebitleýin we halkara gatnaşyklaryň ösüşi, Ykdysady komissiýanyň işjeňleşdirilmegi, iki ýurduň arasynda transport liniýalary we bilim pudagyndaky hyzmatdaşlyk barada pikir alyşyldy diýdi.

Şeýle hem Galibaf, iki ýurduň parlamentleriniň dostluk toparlary we Yslam ýurtlarynyň parlamentleriniň bileleşigi arkaly Eýran we Alžir parlamentleriniň arasyndaky bilelikdäki hyzmatdaşlygy nygtamak bilen bu gatnaşyklaryň ösmegi, iki ýurduň arasyndaky syýasy we ykdysady gatnaşyklaryň ösmegine kömek edip biler diýdi.

Eýranyň Yslam Şura Mejlisiniň başlygy şeýle-de Bugaliniň Yslam ýurtlary geňeşleriniň bileleşiginiň prezidentligine hem yşarat edip şu günler Ýewropada bolup geçýän Mukaddes Gurany yzygiderli kemsitmek Yslam ýurtlarynyň parlamentleriniň başlyklary tarapyndan çynlakaý pozisiýa bilen ýüzbe-ýüz bolmalydyr diýdi.

Alžiriň mejlisiniň başlygy Ibrahim Bugali hem bu metbugat ýygnagynda Alžiriň dostlukly we dogan ýurtlar, şol sanda Eýran Yslam Respublikasy bilen gatnaşyklaryň ösmegine uly hormat goýýandygyny aýtdy.

Alžiriň mejlisiniň başlygy Eýran bilen dürli ugurlarda hyzmatdaşlygyň giňelmegine ünsi çekdi.