Eýranyň we garşylyk okynyň sebitdäki ýokary pozisiýasy
Yslam Rewolýusiýa Gorag Korpusynyň baş serkerdesi, general-maýor Huseýin Salami Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň ýolbaşçylygyndaky global ulumsylygyň erbetliklerini aýtdy.
Yslam Rewolýusiýa Gorag Korpusynyň baş serkerdesi, general-maýor Huseýin Salami Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň ýolbaşçylygyndaky global ulumsylygyň erbetliklerine salgylanyp, häzirki wagtda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň güýjüniň öňküsinden has azalýandygyny aýtdy.
IRGC serkerdeleriniň we ofiserleriniň ýigrimi dördünji ýygnagynda general-maýor Huseýin Salami diplomatiýanyň iň oňat wariantydygyna garamazdan, güýç mazmuny bolmasa diplomatiýanyň işlemeýändigini aýdyp,Yslam Rewolýusiýasynyň we çydam okunuň ABŞ-ynyň, basyp alyjy Ysraýyl režimiň, we onuň ýaranlarynyň öňünde durmakda esasy orny eýeleýär diýdi.
Yslam Rewolýusiýa Gorag Korpusynyň Baş serkerdesiniň bu sözleri sebitdäki häzirki hakykatlara salgylanýar, şol bir wagtyň özünde Amerikanyň täsiriniň peselmegi bilen garşylyk okunyň güýjüniň we täsiriniň ýokarlanmagyna şaýatlyk edýär.
Eýran Yslam Rewolýusiýasynyň ýeňşinden soň soňky dört onýyllykda Günbatar Aziýa sebiti esasan iki akymyň we koalisiýanyň gapma-garşylygyna şaýat boldy, olaryň birine Sionist režimi ýaly Amerika we onuň ýaranlary ýolbaşçylyk edýär we käbir eglişik reimesimleri bilen bilelikde Günbataryň bähbitlerini we garaşsyz güýçleriň gowşamagyny maksat edinýär. Beýleki akym, Eýran Yslam Respublikasynyň merkezi we Siriýa, Ýemen, Yrak, Liwanyň Hizbullah Hereketi we Hamas ýaly toparlar bilen garşydaş okydyr. Palestinany goramak,agalyk ediş ulgamyna garşy durmak Yslam Rewolýusiýa Gorag Korpusynyň maksatlaryndandyr.
Dürli sebit we daşary ýurt güýçleriniň, şol sanda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň öňünde durmakda çydam toparlarynyň güýçi günsaýyn ösýär we Günbatar Aziýa sebitindäki ösüşlere täsir ediji bolýarlar. Şeýlelik bilen sebitdäki ösüşler ABŞ-nyň we sionist režimiň isleglerine garşy bolup geçýär.
Şol bir wagtyň özünde Amerikanyň ýolbaşçylygyndaky Günbataryň syýasy we ykdysady gegemoniýasy pese gaçýar we dünýä köp polýarlaşma tarap hereket edýär. Günbatar Aziýa sebitiniň ýurtlary biri-biri bilen hyzmatdaşlyga we daşary ýurtlara garaşlylygy azaltmaga tarap hereket edýärler; Saud Arabystanynyň Eýran bilen gatnaşyklarynyň täzeden başlamagy, Pars aýlag sebtiniň beýleki arap ýurtlarynyň Eýran bilen gatnaşyklary, şeýle hem arap ýurtlarynyň Siriýa baradaky pozisiýasynyň üýtgemegi bu wakalardandyr.