Eýranyň Bakuwdaky Bilelikdäki Harby Komissiýa gatnaşmaga taýýarlygy
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i22972-eýranyň_bakuwdaky_bilelikdäki_harby_komissiýa_gatnaşmaga_taýýarlygy
Eýran Ýaragly Güýçleriniň Baş ştabynyň başlygy, Eýran Yslam Respublikasynyň Ýaragly Güýçleriniň Bakuwdaky Bilelikdäki Harby Komissiýa gatnaşmaga doly taýýardygyny mälim etdi we ikitaraplaýyn goranyş we harby hyzmatdaşlygyň ösdürilmegini nygtady.
(last modified 2023-08-23T06:55:02+00:00 )
Aug 23, 2023 11:55 Asia/Ashgabat
  • Eýranyň Bakuwdaky Bilelikdäki Harby Komissiýa gatnaşmaga taýýarlygy

Eýran Ýaragly Güýçleriniň Baş ştabynyň başlygy, Eýran Yslam Respublikasynyň Ýaragly Güýçleriniň Bakuwdaky Bilelikdäki Harby Komissiýa gatnaşmaga doly taýýardygyny mälim etdi we ikitaraplaýyn goranyş we harby hyzmatdaşlygyň ösdürilmegini nygtady.

Eýran bilen Azerbaýjan Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklar 2021-nji ýylyň 28-nji noýabrynda Aşgabatda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitiniň çäginde iki ýurduň prezidentleriniň duşuşygyndan soň täze depgin gazandy.

Fars habar gullugynyň habaryna görä, Eýranyň Ýaragly Güýçleriniň Baş ştabynyň başlygy general-maýor Muhammet Bageri Azerbaýjan Respublikasynyň Goranmak ministri general Zakir Hasanow bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde soňky ýyllarda iki ýuryň ýaragly güýçleriň arasyndaky möhüm şertnamalara ünsi çekip, iki ýurduň ýaragly güýçleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň, aragatnaşyk we özara gatnaşyk derejesiniň ähli ugurlarda ösýändigini aýtdy.

General-maýor Bageri şeýle-de Eýranyň ýaragly güýçleriň iki ýurduň arasynda güýçlenmek, dostluk we doganlyk faktoryna öwrülip biljekdigine ynanýandygyny aýtdy.

Eýranyň Ýaragly Güýçleriniň Baş ştabynyň başlygy umumy serhetlerde howpsuzlygy we parahatçylygy döretmegiň diňe goňşy ýurtlaryň arasynda duýgudaşlyk we agzybirlik bilen mümkindigini we sebitde daşary ýurtlularyň bolmagy dartgynlyga we dawa-jenjellere sebäp boljakdygyny aýtdy.

Bu telefon söhbetdeşliginde Azerbaýjan Respublikasynyň Goranmak ministri bu ýurduň ýaragly güýçleriniň ikitaraplaýyn harby we goranyş hyzmatdaşlygynyň derejesini ýokarlandyrmak meselesine doly taýýardygyny mälim etmek bilen Azerbaýjan Respublikasy hemişe Eýran Yslam Respublikasyny dostlukly we ýakyn ýurt hasaplaýar we ähli ugurlar boýunça harby hyzmatdaşlygy goldaýar diýdi.