Bageri Käni: ​​Hökümetiň ileri tutýan meselesi goňşyçylyk syýasatydyr
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i23004-bageri_käni_hökümetiň_ileri_tutýan_meselesi_goňşyçylyk_syýasatydyr
Eýranyň Daşary işler ministriniň syýasy orunbasary, syýasy ugurda Eýranyň 13-nji hökümetiniň iň möhüm häsiýetiniň goňşuçylyk syýasatynyň ileri tutulýandygyny aýtdy.
(last modified 2023-08-25T04:46:51+00:00 )
Aug 25, 2023 09:46 Asia/Ashgabat
  • Bageri Käni: ​​Hökümetiň ileri tutýan meselesi goňşyçylyk syýasatydyr

Eýranyň Daşary işler ministriniň syýasy orunbasary, syýasy ugurda Eýranyň 13-nji hökümetiniň iň möhüm häsiýetiniň goňşuçylyk syýasatynyň ileri tutulýandygyny aýtdy.

Eýranyň Daşary işler ministriniň syýasy orunbasary Ali Bageri Käni teleýaýlymda Eýranyň 13-nji hökümetiniň halkara daşary syýasatyna salgylanyp, şeýle diýdi: Hökümetiň iň möhüm tagallasy, Eýrany halkara mehanizmlerine optimal ýerleşdirmek we Eýranyň halkara gatnaşyklarynda we meselelerinde işjeň aktýor hökmünde has täsirli rol oýnamagydyr.

Bageri Käni şeýle-de Eýranyň pullarynyň boşadylmagynyň diňe ýadro şertnamasynyň dikeldimeginden soň amala aşyryljakdygyny öňe sürýändiklerine garamazdan, Amerikalylar sözlerinden yza gaýdyp, Eýranyň pullaryny şertnamanyň çäginden daşarda boşatmaly boldular diýdi.

Eýranyň BRICS toparyna agzalygynyň kabul edilmegi meselesinde Eýranyň Daşary işler ministriniň syýasy orunbasary hem şeýle diýdi: Eýranyň BRICS-e goşulmagy, Eýranyň 13-nji hökümetiň daşary syýasatynyň halkara derejesinde Şanhaýa goşulmagyna meňzeýär.

Bageri Käni sözüniň dowamynda Eýran on bäş ýyldan gowrak wagt bäri Şanhaýda agza bolmak isledi we bu gurama goşulmak bilen Eýran sebitiň ýurtlary bilen halkara derejesinde syýasy we howpsuzlyk gatnaşyklaryna girdi diýdi.

Eýranyň ýokary derejeli diplomaty şeýle-de BRICS-e goşulmak Eýranyň beýleki garaşsyz güýçler bilen birlikde öz içeriki bähbitlerine esaslanyp öz bähbitlerini durmuşa geçirmäge taýýardygyny görkezdi diýip beýan etdi.