Eýranyň prezidenti: Günbatar ýurtlary gepleşik stoluny terk etdiler
Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti: Günbatar ýurtlary gepleşik stolundan çykdylar we gozgalaňçylary goldamak bilen öz maksatlaryna ýetmäge synanyşdylar diýdi.
EýranPress habar gullugynyň habaryna görä, sişenbe güni Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Seýid Ebrahim Raisi hökümet hepdeligi mynasybetli geçirilen metbugat ýygnagynda duşmanyň Eýrana garşy alyp barýan hereketlerine ünsi çekip duşman Yslam Eýrany dünýäde çetleşdirmek we Eýranyň içindäki adamlary lapykeç etmek ýaly iki strategiýany ýerine ýetirdi diýdi.
Raisi şeýle-de duşmanyň Eýrany çetleşdirip bilmedigini mälim edip ýadro şertnamasy meselesi yzarlanylýan ilkinji ýa-da iň soňky mesele däl, şol bir wagtyň özünde Eýranyň goňşy we ýaran ýurtlar bilen syýasy, ykdysady we söwda gatnaşyklarynyň derejesi başgaça boldy we goňşy ýurtlar bilen ykdysady we söwda gatnaşyklarynda 14% ösüş gazanyldy diýip beýan etdi.
Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti sözüniň dowamynda söwda gatnaşyklarynda 13-nji hökümet rekord goýdy we ýurtda bar bolan köp mümkinçilikler bilen Latyn Amerikasy, Afrika we Aziýa ýurtlarynyň köpüsi bilen gatnaşyklar ýokarlandy diýmek bilen Ýewraziýa Bileleşigine agza bolmak, Şanhaýda agza bolmak we ýakynda BRICS-e agza bolmak Yslam Eýranyň kuwwatynyň we pozisiýasynyň bardygyny we duşmanyň Yslam Eýrany çetleşdirmek strategiýasynda üstünlik gazanyp bilmedigini görkezdi diýdi.
Raisi, Amerikalylaryň we Ýewropalylaryň ýadro şertnamasyndaky borçlaryny ýerine ýetirmeýändigini we diňe Eýranyň öz borçlaryny ýerine ýetirendigini we Halkara Atom Energiýasy Guramasynyň hem Eýranyň ýadro programmasynda gyşarnyksyzdygyny 15 gezek yglan edendigine yşarat edip ýadro şertnamasynyň düýbünden syýasy meseledigini aýtdy.
Eýranyň 13-nji hökümeti gepleşiklerde kemçilik göýberen däldir we Eýran halkynyň onuň artykmaçlyklaryndan peýdalanmagy üçin sanksiýalaryň ýatyrylmalydygyny nygtaýar, emma günbatar ýurtlary sanksiýalar girizip, Eýran Yslam Respublikasynyň ösüşini we öňe gidişini duruzmaga synanyşýarlar diýip Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti sözüniň üstüne goşdy.