Amir Abdollahian: Sebitdäki sionistleriň jenaýatlary jogapsyz galmaz
Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri siriýaly kärdeşi bilen metbugat ýygnagynda sebitde sionist režimi tarapyndan edilen hiç bir agressiýanyň we jenaýatyň jogapsyz galmandygyny we jogapsyz galmajakdygyny aýtdy.
Fars habar gullugynyň habaryna görä, Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Hüseýin Amir Abdollahian Siriýanyň Daşary işler ministri Faýsal al-Makdad bilen duşuşandan we gürleşenden soň Damaskda geçirilen metbugat ýygnagynda galp Ysraýyl režiminiň Halap howa menziline we Siriýanyň raýat sebitlerine eden rehimsiz hüjümlerini ýazgardy.
Eýranyň daşary işler ministri Siriýanyň howpsuzlygy we sebitiň howpsuzlygy Tähran bilen Damaskyň çynlakaý we umumy aladasydygyny aýtmak bilen Eýran howpsuz, durnukly we ösen sebite ýetmek üçin Siriýanyň ýolbaşçysyna, goşunyna, hökümetine we halkyna güýçli goldawyny dowam etdirjekdir diýdi.
Amir Abdullahian şeýle hem, Eýran bilen Siriýanyň arasynda ykdysady hyzmatdaşlygyň giňelmegini nygtap bu ýygnakda Eýranyň prezidentiniň birinji orunbasary we Siriýanyň premýer-ministriniň ýolbaşçylygyndaky Eýran-Siriýa bilelikdäki ýokary komissiýasynyň ýakyn wagtda Tähranda geçiriljekdigi ylalaşyldy diýdi.
Bu bilelikdäki metbugat ýygnagynda Siriýanyň Daşary işler ministri Faýsal al-Makdad Günbataryň Eýrana we Siriýa garşy duşmançylykly syýasatlarynyň dowam edýändigini nygtamak bilen Günbatar ýurtlarynyň, esasanam Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň, terrorçylygda maýa goýmak ýaly syýasy maksatlaryny durmuşa geçirmek üçin gurallary ulanýandygyny aýtdy.
Al-Makdad, Eýranyň we Siriýanyň döwletleriniň günbatarlylaryň kynçylyklaryna we dildüwşüklerine garşy durmagynyň gahrymançylykly pozisiýadygyny aýtmak bilen bu, iki ýurduň halkynyň iki ýurduň ýolbaşçylaryna berýän goldawyny we iki ýurduň alyp barýan batyrgaý syýasatlaryny görkezýär diýdi.
Siriýanyň Daşary işler ministri şeýle hem Eýran bilen dürli ugurlarda hyzmatdaşlygy giňeltmäge ünsi çekdi.