Eslami: Eýranyň ýadro programmasy sabotaj ýa-da sanksiýalar bilen togtamaz
(last modified 2023-08-31T08:43:00+00:00 )
Aug 31, 2023 13:43 Asia/Ashgabat
  • Eslami: Eýranyň ýadro programmasy sabotaj ýa-da sanksiýalar bilen togtamaz

Eýranyň Atom Energiýasy Guramasynyň başlygy, ýadro şertnamasynyň ähli borçnamalarynyň diňe sanksiýalar doly ýatyrylan halatynda ýerine ýetiriljekdigini aýtdy.

Eýranyň Atom Energiýasy Guramasynyň başlygy Muhammet Eslami, "Al Jazeera" teleýaýlymyna beren interwýusynda ABŞ we beýleki günbatar taraplarynyň ýadro şertnamasyna ygrarlylygyny Eýranyň doly borçnamasynyň talaby hasaplap Eýranyň diňe sanksiýalar ýatyrylan halatynda ýadro şertnamasynyň ähli düzgünlerini berjaý etjekdigini aýtdy.

Eslami Sionist režimiň howplaryna jogap hökmünde "Eýranyň ýadro desgalaryny nyşana almak bilen ýa-da sanksiýalar bilen, Eýranyň ýadro programmasyny duruzyp bolmaz, Eýranyň ýadro desgalaryny nyşana almak peýdasyz we aýgytly we weýrançylykly jogaby bolar "-diýdi.

Eýranyň Atom Energiýasy Guramasynyň başlygy şeýle-de "Ysraýyl Eýranyň ýadro desgalaryna hüjüm etmek howpunyň boşdygyny we güýjüniň ýokdugyny bilýär" -diýdi.

Eýranyň Atom Energiýasy Guramasynyň başlygy, Halkara Atom Energiýasy Guramasy bilen baglanyşykly galan meseleleriň çözülmegi barada beren gürrüňlerinde bu ýyl Eýranyň ýadro programmasy bilen baglanyşykly "syýasy gozgalaňyň" soňy bolar diýip beýan etdi.

Eýranyň Atom Energiýasy Guramasynyň başlygy şeýle hem Tähranyň ýadro pudagynda arap goňşulary bilen konstruktiw hyzmatdaşlyga taýýardygyny aýtdy.

Tags