Eýran Daşary işler ministriniň Yslam rewolýusiýasynyň ýokary ýolbaşçysyna minnetdarlygy
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i23046-eýran_daşary_işler_ministriniň_yslam_rewolýusiýasynyň_ýokary_ýolbaşçysyna_minnetdarlygy
Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Yslam Rewolýusiýasynyň Ýolbaşçysynyň daşary syýasata bolan söýgüsine we razy bolmagyna ýokary baha berdi.
(last modified 2023-08-31T06:35:57+00:00 )
Aug 31, 2023 11:35 Asia/Ashgabat
  • Eýran Daşary işler ministriniň Yslam rewolýusiýasynyň ýokary ýolbaşçysyna minnetdarlygy

Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Yslam Rewolýusiýasynyň Ýolbaşçysynyň daşary syýasata bolan söýgüsine we razy bolmagyna ýokary baha berdi.

IRNA-nyň habaryna görä, Eýranyň Daşary işler ministri Hüseýin Amir Abdollahian Instagram hatynda şeýle ýazypdyr: Yslam rewolýusiýasynyň ýokary derejeli lideri Hezretleri Aýatolla Hameneýiň, hökümet delegasiýasynyň agzalary bilen bolan duşuşygynda daşary syýasatda bolup geçen wakalara öz söýgüsini we minnetdarlygyny bildirip şeýle-de iki möhüm halkara şertnamasynda (Şanhaý we BRICS) üstünlikli agzalyga, şeýle hem goňşyçylyk syýasata salgylanmagy, Eýranyň halkara arenasyndaky ornuny ýokarlandyrmak üçin diplomatik ulgamyň tutanýerliligini we dinamikasyny iki esse artdyrar we daşary syýasat ýolunyň dowam etmeginde hökman has tizlenmegine sebäp bolar.

Eýranyň Daşary işler ministri sözüniň dowamynda Yslam rewolýusiýasynyň ýokary derejeli lideri şeýle-de iki sany möhüm maslahat berdiler olda, "Daşary gatnaşyklaryň mümkinçiliklerini biliň we tanaň we wagtynda ulanyň" we "Memorandumlar we hyzmatdaşlyk resminamalary diňe kagyz ýüzünde galmaly däldir", diýmek bilen bu barada Daşary işler ministrligi aýratyn üns berer diýdi.

Yslam rewolýusiýasynyň ýokary lideri Aýatolla Hameneýi çarşenbe güni hökümet agzalary bilen bolan duşuşygynda hökümetiň daşary syýasat ugrundaky hereketlerinden kanagatlanýandygyny aýtmak bilen goňşular bilen aragatnaşyk saklamak baradaky hökümetiň syýasaty gaty gowy syýasatdyr diýip beýan etdiler.

Yslam rewolýusiýasynyň ýokary derejeli lideri öz beýanatlarynyň başga bir bölüminde: Daşary gatnaşyklar we halkara syýasatlar nukdaýnazaryndan gowy işler edildi diýip sözlerine goşdylar.