Eýranyň Prezidenti Gyrgyzystany garaşsyzlygynyň ýyl dönümi bilen gutlady
Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Gyrgyzystanyň garaşsyzlygynyň ýyl dönümini bu ýurdyň halkyna we hökümetine gutlady.
Gyrgyzystan 1991-nji ýylyň 31-nji awgustynda Sowet Soýuzynyň öňki respublikalaryndan garaşsyzlygyny yglan etdi.
Eýranyň Prezidentlik gullugynyň metbugat merkeziniň habaryna görä, Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Seýid Ebrahim Raisi Gyrgyzystanyň prezidenti Sadir Japarowa ýüzlenip, bu ýurduň garaşsyzlygynyň ýyl dönümini gutlamak bilen Ýewraziýa Ykdysady Bileleşigi we Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäginde iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň täze bölüminiň başlanmagyna kanagatlanma bildirdi.
Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti, şeýle hem Eýran Yslam Respublikasynyň, Eýranyň we Gyrgyzystanyň iki ýurdunyň halkynyň bähbitleri we abadançylygy çäginde ähli taraplaýyn hyzmatdaşlygy güýçlendirmäge taýýardygyny aýtdy.
Eýranyň 13-nji hökümeti 2021-nji ýylyň 3-nji awgustynda işe başlaly bäri, daşary syýasatda deňagramlylygyň dörediljekdigini yglan etmek bilen, goňşular we yslam ýurtlary bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek onuň daşary ýurt maksatnamalarynda ileri tutulýan ugur boldy.