Sep 02, 2023 13:50 Asia/Ashgabat
  • Eýranyň Daşary işler ministri Liwanda ýaşaýan eýranlylar bilen duşuşdy

Eýranyň Daşary işler ministri Liwanda ýaşaýan bir topar eýranly bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Beýrutdaky ilçihanasynda duşuşdy we söhbetdeş boldy.

IRNA habar gullugynyň habaryna görä, anna güni agşam Eýranyň Daşary işler ministri Hüseýin Amir Abdollahian diplomatlaryň we ilçihananyň işgärleriniň agzalary, maşgalalary, käbir eýran edaralarynyň işgärleri we agzalary, şeýle hem Liwanda ýaşaýan bir topar eýranly bilen duşuşdy we söhbetdeş boldy.

Bu yhlasly ýygnakda ýygnananlaryň birnäçesi Eýran-Liwan gatnaşyklary we bu ýurtdaky alyp barýan işleri bilen baglanyşykly meselelerini ara atdylar. Gatnaşanlar ykdysady we täjirçilik gatnaşyklary, şeýle hem Eýran bilen Liwanyň arasyndaky medeni gatnaşyklar barada pikir alyşdylar.

Eýranyň Daşary işler ministri öz çykyşynda ilçihanadaky kärdeşleriniň, Eýranyň edaralarynyň   işgärleriniň we Liwanda ýaşaýan eýranlylaryň ýygnagynda gatnaşmagyndan hoşaldygyny aýtmak bilen dünýäniň ähli künjeklerinde eýranlylaryň milli şahsyýetini goramagyň we maşgalalaryna we çagalaryna üns bermegiň möhümdigini beýan etdi.

Eýranyň Daşary işler ministri Huseýin Amir Abdollahian sebitleýin saparyny dowam etdirip, penşenbe güni Liwana bardy we bu ýurduň häkimiýetleri tarapyndan garşylandy.

Tags