Raisi: Afrika ýurtlarynyň kolonializme garşylygy olaryň oýanmagynyň we hüşgärliginiň alamatydyr
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i23076-raisi_afrika_ýurtlarynyň_kolonializme_garşylygy_olaryň_oýanmagynyň_we_hüşgärliginiň_alamatydyr
Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Afrika ýurtlarynyň kolonializmiň we terrorçylygyň häzirki ýagdaýyna garşy durmagyny we garşylygyny öwmek bilen ony bu ýurtlaryň oýanmagynyň, hüşgärliginiň alamaty hasaplady.
(last modified 2023-09-04T11:02:45+00:00 )
Sep 04, 2023 16:02 Asia/Ashgabat
  • Raisi: Afrika ýurtlarynyň kolonializme garşylygy olaryň oýanmagynyň we hüşgärliginiň alamatydyr

Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Afrika ýurtlarynyň kolonializmiň we terrorçylygyň häzirki ýagdaýyna garşy durmagyny we garşylygyny öwmek bilen ony bu ýurtlaryň oýanmagynyň, hüşgärliginiň alamaty hasaplady.

Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Seýid Ebrahim Raisi duşenbe güni Tähranda Burkina Fasonyň Daşary işler ministri hanym Olwiýa Rwamba bilen bolan duşuşygynda, Eýranyň Yslam Rewolýusiýasynyň ýeňişden soň ähli Afrika ýurtlary bilen gowy gatnaşyklaryna yşarat edip Eýran Yslam Respublikasynyň tejribelerini we gazananlaryny dostlukly ýurtlara, esasanam Afrikadaky dostlukly ýurtlara geçirmäge taýýardygyny mälim etdi.

Şeýle hem Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti, Eýran bilen Burkina Faso arasynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Geňeşiniň işjeňleşmegini özara mümkinçilikleriň alyş-çalşyny ýeňilleşdirmek we çaltlaşdyrmak, gatnaşyklaryň derejesini ýokarlandyrmak we hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin täsirli diýip hasaplady.

Hanym "Olwiýa Rwamba" hem Burkina Faso ýaly Afrika ýurtlarynyň Yslam Rewolýusiýasynyň ulumsylyga we ezijilige garşylygyndan ylham alýandygyny aýtmak bilen Burkina Faso hökümetiniň iň möhüm gün tertibi, Eýran bilen hyzmatdaşlygy güýçlendirmekdir diýdi.

Burkina Fasonyň Daşary işler ministri şeýle-de bu ýurduň dostlukly ýurt Eýran Yslam Respublikasy bilen özara hyzmatdaşlygy güýçlendirmek isleýär diýdi.