Tähranyň juma namazynyň hatyby Yragyň halkyna we hökümetine minnetdarlyk bildirdi
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i23108-tähranyň_juma_namazynyň_hatyby_yragyň_halkyna_we_hökümetine_minnetdarlyk_bildirdi
Tähranyň juma namazynyň ymamy Yrak halkyna we hökümetine millionlarça Arbain Hüseýni zyýaratçylaryny kabul edendigi üçin minnetdarlyk bildirdi.
(last modified 2023-09-08T09:13:53+00:00 )
Sep 08, 2023 14:13 Asia/Ashgabat
  • Tähranyň juma namazynyň hatyby Yragyň halkyna we hökümetine minnetdarlyk bildirdi

Tähranyň juma namazynyň ymamy Yrak halkyna we hökümetine millionlarça Arbain Hüseýni zyýaratçylaryny kabul edendigi üçin minnetdarlyk bildirdi.

Çarşenbe güni, 1445-nji ýylyň 20-nji Safaryna deň gelýän 6-nji sentýabry Ymam Hüseýniň (AS) we wepaly ýoldaşlarynyň Karbala çölünde şehit bolmaklarynyň kyrky gününiň ýyl dönümidir.

Hezreti Abbas (AS) adyny götreýän merkeziň yglan etmegine görä, şu ýyl Arbain Hüseýine (AS) 22 million 19 müň 146 adam gatnaşandyr.

IRIB habar gullugynyň habaryna görä; Tähranyň juma namazynyň hatyby Hojjatul-Islam "Saýed Muhammet Hasan Abu Torabifard" bu ägirt uly syýasy, medeni, jemgyýetçilik we dini hereketde 4 milliondan gowrak eýranlynyň bardygyny aýtmak bilen olar uly bir hekaýany döredendirler we bu ajaýyp wakany döretmekde Yrak hökümetiniň we milletiniň roly hemmelere aýandyr diýdi.

Hojjatul-Islam Abu Tarabifard şeýle-de Arbain zyýaratçylaryny hormatlamak isleýän we olara hyzmat etmek üçin berk duran Yrak delegasiýalaryna, ýörişlere, erkeklere we aýallara minnetdarlyk bildirdi.

Tähranyň juma namazynyň ymamy şeýle hem Eýran we Yrak döwlet işgärleriniň şu ýylky Arbain dabarasynda meýilnamalaryna minnetdarlygyny bildirmek bilen Arbain ýörişinde we Hezreti Abdulazim al-Hasaniň (AS) mukaddes ybadathanasynyň golaýynda Tähran halkynyň köp bolmagy berk imanyň hekaýasy bolmakdan aýry Tähran welaýatynyň asylly adamlarynyň yslam gymmatlyklaryna we Ahl-Baýt taglymatyna berk ynamlarynyň nyşanydyr diýip sözlerine goşdy.