Gurhany kemsitmeklige garşy çözgütler
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i23116-gurhany_kemsitmeklige_garşy_çözgütler
Ýolbaşçynyň hünärmenler geňeşiniň agzasy, Gurhany kemsitmegiň dürli ylahy dinlere uýýanlaryň nukdaýnazaryndan ýazgarylýandygyny aýtdy.
(last modified 2023-09-10T08:50:31+00:00 )
Sep 10, 2023 13:50 Asia/Ashgabat

Ýolbaşçynyň hünärmenler geňeşiniň agzasy, Gurhany kemsitmegiň dürli ylahy dinlere uýýanlaryň nukdaýnazaryndan ýazgarylýandygyny aýtdy.

Yslamabatda Eýbranpress-iň žurnalisti bilen geçirilen aýratyn söhbetdeşlikde Aýatolla "Ahmad Mablgi" Gurhany kemsitmeklige garşy çözgütler barada eden çykyşynda, Gurhany kemsitmek jenaýat hasaplanmalydyr diýdi.

Ol şeýle-de mukaddes kitaplary kemsitmek meselesinde dürli dinler bir hatarda durmalydyrlar, sebäbi mukaddes zatlary kemsitmek ylahy dinleriň esaslaryna zyýan ýetirýär diýdi.

Aýatolla "Ahmad Mablgi", Gurhany kerimiň kemsidilmegi bilen göreşmek üçin global we adamzat jemgyýetleriniň ähli mümkinçilikleriniň ulanylmalydygyny aýtdy, sebäbi mukaddes zatlary kemsitmek ähli jemgyýetler üçin howply boljakdygyny aýtdy.

Aýtmak ýerli "Selwan Momika" atly bir adam, Gurhanyň nusgalaryny Şwesiýanyň polisiýasynyň öňünde birnäçe gezek ýakandyr.