Eýranyň Aňtaw ministri: Bidüzgünçiliklerde 50-den gowrak aňtaw gullugy işjeň gatnaşdylar
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i23124-eýranyň_aňtaw_ministri_bidüzgünçiliklerde_50_den_gowrak_aňtaw_gullugy_işjeň_gatnaşdylar
Eýran Yslam Respublikasynyň Aňtaw ministri bidüzgünçiliklerde 50-den gowrak aňtaw gullugynyň işjeňdigini aýtdy.
(last modified 2023-09-10T12:17:16+00:00 )
Sep 10, 2023 17:17 Asia/Ashgabat
  • Eýranyň Aňtaw ministri: Bidüzgünçiliklerde 50-den gowrak aňtaw gullugy işjeň gatnaşdylar

Eýran Yslam Respublikasynyň Aňtaw ministri bidüzgünçiliklerde 50-den gowrak aňtaw gullugynyň işjeňdigini aýtdy.

2022-nji ýylyň sentýabr aýynyň ahyryndan Eýranyň käbir dürli sebitlerinde bidüzgünçilikler boldy we ilkinji günlerde bu bidüzgünçilikleriň ýaýramagynda käbir adaty we häzirki zaman habar beriş serişdeleriniň roly äşgär boldy.

Bu bidüzgünçiliklerde Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň syýasy ýolbaşçylary, Sionist režimi we käbir Ýewropa ýurtlary, olaryň metbugaty, şeýle hem Eýran halkynyň duşmany bolýan emma hukuklaryny goldamak şygary bilen Günbatar tarapyndan goldanýan Pars metbugaty, gozgalaňçylary we ýurduň howpsuzlygyny bozýanlary goldamakda bar güýjüni ulandylar.

Aňtaw ministri Hojjatul-Islam wal-Muslimin "Syed Ismail Hatib" soňky döwürde 400 bombanyň tapylandygyny we zyýansyzlandyrylandygyny habar berdi we 40 sany bombanyň Muharram döwründe partlamak üçin niýetlenendigini aýtdy.

Aňtaw ministri teleýaýlym programasynda çykyş edip, söweş we howpsuzlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdy we şeýle diýdi: Howpsuzlyk gullugy, Sionist režime we agalyk ediji sistema, terrorçylyk, agdarmak, içalyçylyk, täsir, ykdysady korrupsiýa we netijesizlige garşy göreş meselesini kesgitledi.

Aňtaw ministri şeýle hem 50-den gowrak aňtaw gullugy dürli ýurtlarda dürli ýygnaklar geçirdiler we bu mesele üçin 200-den gowrak habar beriş serişdelerini taýýarladylar we kiber giňişligi we metbugat gurallarynyň kömegi bilen pitne, dildüwşük we bulam-bujarlyk döretdiler diýdi.