Yslam rewolýusiýasynyň ýokary lideri: Duşmana garşy durmakda aşa çynlakaýdyrys
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i23132-yslam_rewolýusiýasynyň_ýokary_lideri_duşmana_garşy_durmakda_aşa_çynlakaýdyrys
Yslam rewolýusiýasynyň ýokary lideri, "Sistan we Bulujystan" we "Günorta Horasan" welaýatlarynyň halky bilen bolan duşuşygynda "Duşmana garşy durmakda çynlakaý çemeleşýäris" diýdiler.
(last modified 2023-09-11T07:52:17+00:00 )
Sep 11, 2023 12:52 Asia/Ashgabat
  • Yslam rewolýusiýasynyň ýokary lideri: Duşmana garşy durmakda aşa çynlakaýdyrys

Yslam rewolýusiýasynyň ýokary lideri, "Sistan we Bulujystan" we "Günorta Horasan" welaýatlarynyň halky bilen bolan duşuşygynda "Duşmana garşy durmakda çynlakaý çemeleşýäris" diýdiler.

Yslam rewolýusiýasynyň ýokary lideri, şu gün (duşenbe) "Sistan we Bulujystan" we "Günorta Horasan" welaýatlarynyň ilaty bilen bolan joşgunly duşuşygynda milli jebisligi ýok etmek we milli howpsuzlygy gowşatmak olaryň iki esasy we çynlakaý maksadydyr, emma duşmana garşy durmakda-da çynlakaý çemeleşýäris we Eýranyň eziz milletiniň seresaplygy, oýalagy we hüşgärligi netijesinde duşmanlarynyň hiç hili ýalňyşlyk edip bilmejekdigine ynanýarys diýip beýan etdiler.

Aýatolla Hameneý Hezretleri häzirki dünýä özgerişleriň bosagasyndadyr we käbir jähetlerden özgerişlere şaýat bolandyr diýmek bilen güýçleriň gowşamagyny we täze sebit we global güýçleriň ösmegini bu beýik özgerişleriň iki aýratynlygy hökmünde görkezdiler.

Ol hezretleri sözüniň dowamynda käbir günbatar çeşmeleriniň sözlerine salgylanyp, Amerikanyň häkimiýetiniň görkezijileriniň, şol sanda ykdysadyýet pudagynda-da azalýandygyny aýtdylar we  Amerikanyň hökümetleri üýtgetmek güýji hem ep-esli azaldy diýip nygtadylar.

Yslam rewolýusiýasynyň ýokary lideri Siriýadaky şowsuzlygy we Owganystandan masgaraçylykly gaçmagy Amerikanyň güýjüniň pese gaçmagynyň iki aýdyň mysaly diýip atlandyrdylar.

Aýatolla HameneýHezretleri  Amerikanyň meýilnamalaryny diňe Eýrana mahsus däldir diýmek bilen  Amerikanyň şu gün sebitde Yrak, Siriýa, Liwan, Yemen, Owganystan we hatda köne we adaty dostlary bolan Pars aýlagy ýurtlary üçin meýilnamalary bardyr diýip açykladylar.