"Amir Abdullahian" Pakistanyň Owganystan meseleleri boýunça ýörite wekili bilen duşuşdy
Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Pakistanyň Owganystan meseleleri boýunça ýörite wekili bilen duşuşyp, bu ýurtdaky wakalary ara alyp maslahatlaşdy.
Eýranyň Daşary işler ministri Huseýin Amirabdollahian, Pakistanyň premýer-ministriniň Owganystan meseleleri boýunça ýörite wekili Asif Ali Han Durrani bilen bolan duşuşygynda Owganystandaky wakalar barada pikir alyşdy.
Päkistanyň Owganystan meseleleri boýunça ýörite wekili şu hepde duşenbe güni Eýran Yslam Respublikasy bilen ikitaraplaýyn we sebitleýin gepleşikleri geçirmek esasanam Owganystandaky wakalary gözden geçirmek maksady bilen Tährana geldi.
IRNA habar gullugynyň habaryna görä, bu ýygnakda Eýranyň Daşary işler ministri bu maslahatlaryň dowam etdirilmegi, Eýranyň we Pakistanyň ösüşindäki täsirli roluny aýdyňlaşdyrmak arkaly sebitde, esasanam Owganystanda has köp parahatçylyga we asudalyga goşant goşar diýip umyt bildirdi.
Bu duşuşykda Asif Ali Han Durrani taraplaryň arasynda pikir alyşmak we gepleşikler geçirmek mümkinçiliginden kanagatlanýandygyny we Owganystandaky wakalara we şertlere dürli syýasy we howpsuzlyk ölçeglerine baha berýändigini aýtdy: Pakistan we Eýran Owganystanda parahatçylygyň we durnuklylygyň ýola goýulmagyna kömek edýär diýip Asif Ali Han Durrani sözüne goşdy.