Raisi: Dünýäni Amerikalaşdyrmak taslamasy başa barmady
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i23202-raisi_dünýäni_amerikalaşdyrmak_taslamasy_başa_barmady
Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Seýid Ebrahim Raisi Birleşen Milletler Guramasynyň 2023-nji ýyldaky Baş Assambleýasynda eden çykyşynda Dünýä täze dörän tertibe geçip barýar we dünýäni Amerikalaşdyrmak taslamasy şowsuz boldy diýdi.
(last modified 2023-09-20T10:17:55+00:00 )
Sep 20, 2023 15:17 Asia/Ashgabat

Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Seýid Ebrahim Raisi Birleşen Milletler Guramasynyň 2023-nji ýyldaky Baş Assambleýasynda eden çykyşynda Dünýä täze dörän tertibe geçip barýar we dünýäni Amerikalaşdyrmak taslamasy şowsuz boldy diýdi.

EýranPress habar gullugynyň habaryna görä Seýid Ebrahim Raisi sişenbe güni gije Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisinde dünýä üçin görelde bolmak isleýän liberal demokratiýanyň sapak bolandygyny we ýolunyň soňuna ýakynlaşýandygyny aýtmak bilen dünýä üýtgeýär we döreýän halkara tertibine geçýär we bu ýol yzyna dolanyp bilmeýär; Günbatar agdyklyk deňlemesi indi dünýä üçin amatly däl we doýmaz agalyk edijileriň we kapitalistleriň bähbitlerine hyzmat eden köne liberal tertip terk edildi diýdi.

Eýranyň prezidenti: Dünýäni Amerikalaşdyrmak taslamasynyň başa barmandygyny we Eýran halky, Yslam rewolýusiýasynyň kömegi bilen Günbatar we Gündogaryň hökümdarlarynyň ýüzlerinden maskany aýyrmakda iň uly rol oýnandygyna buýsanýar diýip beýan etdi.

Täze Gündogar we Günbatar döredilmeli däldir

Raisi Eýranyň täze Gündogar we Günbatar döredilmeli däldigine ynanýandygyny aýdyp, Eýran goňşy ýurtlar bilen peýdaly gatnaşyklaryň täze bölümini belledi we Yslam respublikasynyň goňşyçylyk syýasaty sebit üçin hoşniýetli syýasat hasaplamak bilen, goňşularymyzyň howpsuzlygyny öz howpsuzlygymyz diýip hasaplaýarys we dostluga uzalýan islendik eli gyzgyn silkýäris we garşy alýarys diýdi.

Şehit Haj Gasem Soleýmanyň terror edilmegi DAEŞ üçin padaş we sylag boldy

Eýranyň prezidenti sözüniň dowamynda Şehit Haj Gasem Soleýmanyň terror edilmegi, Amerikanyň häkimiýetleriniň ygrar etmeklerine görä, DAEŞ üçin sylag boldy we hatda Terrorçylyga garşy göreş serkerdesiniň jynazasynyň uzaldylma dabarasyna 25 million adamyň gatnaşmagynyň we Eýranyň 85 million ilatynyň bu jenaýat işini esaslandyryjylara we günäkärlere garşy gynanjy, gahary we ar alyş duýgusy senzura edildi diýdi.

Raisi çykyşynyň başga bir bölüminde ABŞ-nyň ýadro ylalaşykdan çekilmegini şertnama wepalylyk ýörelgesiniň düýbünden bozulmagy diýip atlandyrdy.

Amerika we Ýewropa duýduryş

Raisi şeýle-de Amerikanyň gowy niýetleriniň bardygyny we borçlaryny ýerine ýetirmek we ýoly gutarmak üçin hakyky erkiniň bardygyny ynam döretmek arkaly subut etmelidigini aýtmak bilen ýewropalylara hem duýduryş bermek bilen birnäçe ýyllap sanksiýalary ýatyrmak ýaly borçnamalaryny ýerine ýetirmedik ýewropalylar indi ýadro ylalaşygy we BMG Howpsuzlyk Geňeşiniň 2231-nji kararyny bozýarlar, olar gymmat bahaly gapma-garşylyk ýoluny çaltlaşdyrmak bilen ýeňiljekdiklerine düşünmelidirler diýdi.

Eýranyň prezidenti, ýadro ýaraglarynyň Eýran Yslam Respublikasynyň goranyş doktrinasynda ýeriniň ýokdugyny, degişli halkara häkimiýetleriniň we hatda Günbatar aňtaw jemgyýetleriniň hasabatlarynyň hem bu meseläniň dogrudygyny birnäçe gezek subut edendigini aýtmak bilen Eýran Yslam Respublikasy öz halkynyň ýadro tehnologiýasyny ulanmak hukugyndan geçmez we Amerikanyň karar bermek krizisini bes etmeginiň we dogry ýoly saýlamagyň wagty geldi diýip nygtady.

Günbatardaky adam hukuklary ýagdaýyny tankytlamak

Raisi, şeýle hem, adam hukuklarynyň ýagdaýyny, esasanam Günbatardaky aýallaryň hukuklaryny tankytlady we şeýle diýdi: Dünýädäki eneler üçin iň uly türme bolan Amerika aýallaryň hukuklary barada çyn ýürekden alada edip bilermi? Eýran baradaky möhüm faktlar dünýäde senzura edildi we şu wagta çenli käbir ýewropalylaryň Eýran halkyny bombalamagy üçin Saddama beren himiki ýaraglary barada hiç zat aýdylmady diýdi.

Sebitdäki söweşleri ýazgarmak

Sebitdäki söweşleri ýazgarýan Raisi, Kawkazdan Pars aýlagyna çenli bolan islendik daşary ýurtlylygyň diňe bir çözgüdiň bir bölegi bolman, eýsem özi bir mesele bolýandygyna yşarat edip Uruş çözgüt däl we biz Ýewropadaky söweşleri haýsydyr bir Ýewropa tarapynyň bähbidine hasaplamaýarys we Amerikanyň Ukrainadaky söweşdäki ýaraşyk meýilnamasyny ret etmeginiň bu ýurduň Ýewropany gowşatmak boýunça uzak möhletli meýilnamasynyň bardygyny görkezýändigine ynanýarys diýdi.

Şol esasda Raisi Yslam respublikasy urşy bes etmek we syýasy prosese başlamak üçin islendik inisiatiwany goldaýar we konstruktiw rol oýnamaga taýýardygyny mälim etdi.

Guranyň şanyny goramak

Eýranyň prezidenti  Birleşen Milletler Guramasynda mukdaddes Kalam Allah Majidiň bir nushasyny ele alyp we Guranyň şanyny hormatlamak bilen Yslamçylyga we medeni aparteide adamzadyň mertebesine ters gelýän hereket hökmünde seredip şeýle diýdi: Bu ýigrençleriň aňyrsynda has uly taslama bardyr, ýöne adamzat jemgyýetleri üçin Guranyň taglymatlary hiç haçan ýanmaz we kemsitmeler we ýoýulmalar ody hakykata garşy çykyp bilmez.