Amir Abdollahýanyň Eýran bilen günorta Pars aýlagynyň ýurtlarynyň arasyndaky gatnaşyklary giňeltmegiň ähmiýetine ünsi çekdi
Eýranyň we Pars aýlagynyň günortasyndaky ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklary giňeltmegiň möhümdigine ünsi çeken Eýranyň daşary işler ministri sebitdäki islendik düşünişmezlikleriň konstruktiw diplomatik gepleşikler arkaly çözülmelidigini aýtdy.
IRNA habar gullugynyň habaryna görä, Eýranyň Daşary işler ministri Huseýin Amir Abdollahian, Pars aýlagy Hyzmatdaşlyk Geňeşiniň Baş sekretary Jasim Al-Badiwi bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň ýygnagynyň çäginde duşuşygynda Tähranyň Pars aýlag ýurtlarynyň arasynda gepleşik we hyzmatdaşlyk üçin forum döretmek baradaky teklibine salgylanyp häzirki wagtda sebit liderleri gepleşiklerden beter hyzmatdaşlyga has gyzyklanýarlar, şonuň üçin Eýranyň teklip eden başlangyjy garşy alyndy diýip beýan etdi.
Amir Abdollahian sebitdäki islendik pikir tapawudynyň konstruktiw diplomatik gepleşikler arkaly çözülmelidigini aýtdy.
Pars aýlag hyzmatdaşlygy geňeşiniň baş sekretary hem Eýran bilen Pars aýlagy hyzmatdaşlyk geňeşine agza ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklaryň ösmegini garşy almak bilen Pars aýlagy möhüm sebitdir we bagtymyza, täze gurşawda sebit ýurtlarynyň arasynda has köp hyzmatdaşlygyň mümkinçiligi bardyr diýdi.
Jasim al-Badiwi sebitdäki dartgynlygyň ähli ýurtlara zyýanlydygyny aýtmak bilen Eýranyň sebitdäki hyzmatdaşlygyň derejesini ýokarlandyrmak ugrundaky tagallalaryna ýokary baha berdi we bilelikdäki hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak ugrundaky gepleşikleri köpeltmäge we başlangyçlary bermäge synanyşmalydygyny aýtdy.