Raisi: ýurduň geljekki nesliniň terbiýesi dolandyryjylaryň we mugallymlaryň başarnykly ellerine baglydyr
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i23222-raisi_ýurduň_geljekki_nesliniň_terbiýesi_dolandyryjylaryň_we_mugallymlaryň_başarnykly_ellerine_baglydyr
Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti okuwçylary okuw ýylynyň başynda gutlady we şeýle diýdi: “ýurduň geljekki gurluşykçylaryny, işçi güýjüni we şahsyýetini ýokarlandyrmak dolandyryjylaryň we mugallymlaryň elindedir.
(last modified 2023-09-23T03:52:41+00:00 )
Sep 23, 2023 08:52 Asia/Ashgabat

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti okuwçylary okuw ýylynyň başynda gutlady we şeýle diýdi: “ýurduň geljekki gurluşykçylaryny, işçi güýjüni we şahsyýetini ýokarlandyrmak dolandyryjylaryň we mugallymlaryň elindedir.

Eýran mekdepleriniň täze okuw ýylyny jaňy şu gün (şenbe) mehr aýynyň birinji gününe (23-nji sentýabr) "Güýçli mekdep, güýçli Eýran" şygary bilen we Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň gatnaşmagynda, Tähran welaýatynyň Baharestan şäherinde täze gurlan mekdepleriň birinde kakyldy.

Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Seýid Ebrahim Raisi, Baharestanda üç mekdebiň açylyş dabarasynda  Mugallymyň we bilimiň ähmiýeti gaty möhümdir diýip nygtady.

Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti sözüniň dowamynda Öý bilen mekdebiň arasyndaky gatnaşyklar hem möhümdir, maşgalalar dolandyryjylar we mugallymlar bilen gatnaşyklaryny saklamaly, sebäbi çagalaryň şahsyýetini  ösdürmegi bu iki edaranyň hyzmatdaşlygy arkaly mümkindir diiýp beýan etdi.