Sep 25, 2023 11:44 Asia/Ashgabat
  • AmirAbdollahian: Eýran Yslam Respublikasynyň sebit syýasaty özara gatnaşyklara we önjeýli hyzmatdaşlyga esaslanýar

Eýranyň daşary işler ministri sebitiň howpsuzlygyny kepillendirip biljek faktorlaryň arasynda geografiýa, goňşuçylyk syýasaty we taryhyň bardygyny aýdyp “Eýranyň sebit syýasaty özara gatnaşyklara we önjeýli hyzmatdaşlyga esaslanýar diýdi.

IRNA-nyň habaryna görä, Eýranyň Daşary işler ministri Huseýin Amirabdollahian şahsy sosial media sahypasynda Eýran Yslam Respublikasynyň sebit syýasaty barada şeýle ýazypdyr: "Eýran Yslam Respublikasynyň sebit syýasaty özara gatnaşyklara we konstruktiw hyzmatdaşlyga esaslanýar."