Eýranyň, Sionist režimi tarapyndan abanýan howplara duýduryşy
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i23270-eýranyň_sionist_režimi_tarapyndan_abanýan_howplara_duýduryşy
Eýran, Sionist režimi tarapyndan abanýan howplarynyň tebigaty we netijeleri barada Birleşen Milletler Guramasyna duýduryş berdi
(last modified 2023-09-28T10:38:40+00:00 )
Sep 28, 2023 15:38 Asia/Ashgabat
  • Eýranyň, Sionist režimi tarapyndan abanýan howplara   duýduryşy

Eýran, Sionist režimi tarapyndan abanýan howplarynyň tebigaty we netijeleri barada Birleşen Milletler Guramasyna duýduryş berdi

  Eýranyň Birleşen Milletler Guramasyndaky ilçisi we hemişelik wekili Amir Said Irwani Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretaryna, Baş Assambleýanyň prezidentine we Howpsuzlyk Geňeşiniň prezidentine ýazan hatynda ,Sionist režimiň premýer-ministri Netanýahunyň Eýrana garşy haýbat atmalaryny tankytlap, onuň howplarynyň halkara parahatçylygyna we howpsuzlygyna howp salýandyrvandygyny aýtdy.

Iki ýyldan soň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň mejlisine gatnaşan Benýamin Netanýahu, Eýran Yslam Respublikasyna harby hüjüm bilen resmi taýdan haýbat atdy. BMG Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisinde 2023-nji ýylyň 22-nji sentýabrynda eden çykyşynda Benýamin Netanýahu, Birleşen Milletler Guramasynyň agzasy bolan garaşsyz ýurda garşy ýadro ýaragyny ulanmak barada aç-açan haýbat atdy we Eýranyň hökman ygtybarly ýadro howpy bilen ýüzbe-ýüz bolmalydygyny toslady. Ol şeýle-de Ysraýylyň premýer-ministri bolýan wagtym, Eýranyň ýadro ýaragyna eýe bolmazlygy üçin elimden gelenini ederin diýip aýtdy.

Eýranyň Birleşen Milletler Guramasyndaky ilçisiniň we wekiliniň hatynda möhüm taraplar bar. Aslynda bu hat Birleşen Milletler Guramasyna we halkara jemgyýetçiligine sionizmiň jenaýat we aparteid tebigaty barada ýatlatma bolup durýar.

Döwlet terrorçylygynyň we jynsparazlygyň beýany we aýdyň mysaly bolan palestinalylara garşy yzygiderli we hemişelik jenaýatlar edýän bu režim, eýranly alymlaryň terror edilmegine gatnaşýar, Siriýa we Liwan ýaly ýurtlaryň özygtyýarlylygyny birnäçe gezek bozýar we jenaýat edýär.Ýöne bu režimiň palestinalylara garşy genosid jenaýatyna BMG tarapyndan jeza berilmedi. Şonuň üçin     Eýranyň Birleşen Milletler Guramasyndaky ilçisiniň hatynda aýdylyşy ýaly Sionist režimiň premýer-ministri Netanýahu BMG Baş Assambleýasyndan Eýrana aç-açan howp abandyrýar.