Eýranyň Tanzaniýa bilen gatnaşyklary berkitmäge taýýarlygy
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i23278-eýranyň_tanzaniýa_bilen_gatnaşyklary_berkitmäge_taýýarlygy
Tanzaniýanyň Daşary işler ministri bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde Eýranyň Daşary işler ministri Tähranyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmaga taýýardygyny aýtdy.
(last modified 2023-09-30T04:46:31+00:00 )
Sep 30, 2023 09:46 Asia/Ashgabat
  • Eýranyň Tanzaniýa bilen gatnaşyklary berkitmäge taýýarlygy

Tanzaniýanyň Daşary işler ministri bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde Eýranyň Daşary işler ministri Tähranyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmaga taýýardygyny aýtdy.

Fars habar gullugynyň habaryna görä, Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Hüseýin Amir Abdollahian Ýusuf Makambany Tanzaniýanyň täze daşary işler ministri bellenmegi bilen gutlady we iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň taryhy geçmişine we dürli mümkinçilikleriň bardygyna salgylanyp, Eýran Yslam Respublikasynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary esasanam Tanzaniýa bilen ykdysady we ylym we tehnologiýa hyzmatdaşlygyny berkitmäge taýýardygyny aýtdy.

Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri şeýle hem Tanzaniýanyň hökümetini we musulmanlaryny Yslam pygamberiniň (saw) doglan güni bilen gutlady.

Bu telefon söhbetdeşliginde Tanzaniýanyň täze daşary işler ministri, eýranly kärdeşine minnetdarlyk bildirip, iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmäge taýýardygyny aýtdy.

Şeýle hem Ýusuf Makamba, Tanzaniýanyň prezidentiniň Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Seýid Ebrahim Raisie Dar-es-Salaam şäherine çagyrylmagyna ünsi çekdi.