Raisi: Günbatarlylar ilkibaşdan olaryň öňünde täze siwilizasiýanyň döremeginden gorkýardylar
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i23282-raisi_günbatarlylar_ilkibaşdan_olaryň_öňünde_täze_siwilizasiýanyň_döremeginden_gorkýardylar
Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti, Mustafa (saw) baýragynyň bäşinji neşirinde ylymyň adamzadyň bagty we abadançylygy üçin peýdalydygyny aýdyp, günbatarlylaryň täze siwilizasiýanyň döremeginden aladalanýandygyny aýtmak bilen munyň yslamofobiýanyň we Eýranofobiýanyň esasy sebäbidigini beýan etdi.
(last modified 2023-09-30T06:50:01+00:00 )
Sep 30, 2023 11:50 Asia/Ashgabat

Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti, Mustafa (saw) baýragynyň bäşinji neşirinde ylymyň adamzadyň bagty we abadançylygy üçin peýdalydygyny aýdyp, günbatarlylaryň täze siwilizasiýanyň döremeginden aladalanýandygyny aýtmak bilen munyň yslamofobiýanyň we Eýranofobiýanyň esasy sebäbidigini beýan etdi.

Eýran Press habar gullugynyň habaryna görä, Mustfa (saw) baýragynyň bäşinji tapgyry anna güni agşam Yspyhanda ýeňijileriň tanyşdyrylyşy bilen geçirildi.

Bu dabarada Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Seýid Ebrahim Raisi çykyş edip Bilimiň we ylymyň ornuna hormat goýmak we hormatlamak üçin Mustafanyň (saw) adyny göz öňünde tutup guralan bu ýygnak, ylym we bilimiň Pygamberimiziň (saw) sypatlarynyň biridigini we ähli ýaradylyşlara ylmy ygtyýarlygynyň bardygyny görkezýär diýdi.

Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti, Pygamberimiziň ylmy pozisiýasynyň iň ýokary derejedigini mälim etdi we Pygamberimiziň (saw) bu dünýäde iň bilimli adam hökmünde ylmy şeýle kesgitleýändigini aýtdy: Ylym üç zatdadyr, ylahy pikirler we ynançlar, ýagşy ahlak we Hudaýy gözleýän adamyň ýaşaýyş durmuşy.

Raisi şeýle-de, ylym diňe güýç, baýlyk, kolonizasiýa we ekspluatasiýa gazanmak üçin niýetlenen bolsa, munuň adamlaryň ýok edilmegine sebäp boljakdygyny aýtdy.

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti sözüniň dowamynda, Yslamyň taryhynda Yslam siwilizasiýasynyň Pygamberimiziň dini hereketiniň başlanmagy bilen döredilendigini görüp bilersiňiz we bu ylmy hereket Yslam dünýäsinde üçünji we dördünji asyrlarda böküş döretdi we Ýewropadaky ylym we siwilizasiýa hem bu böküşe borçlydyr diýdi.

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti, Günbataryň Yslamofobiýasy we Eýranofobiýasy barada durup geçip, bu syýasatyň sebäbiniň Günbataryň öz siwilizasiýasynyň öňünde garşydaş siwilizasiýanyň döremegi baradaky aladasydygyny, sebäbi musulmanlaryň berk bilim we siwilizasiýa taryhy bolandygyny aýtdy. Bu Ali Sina, Harazmi we Badi al-Zaman musulmandylar we bu din bilen ýokary ylmy wezipelere ýetmegiň mümkindigini görkezýär. Günbatarlylaryň gorkýan zatlary emele geldi.