Raisi: Sionist režimi bilen gatnaşyklary kadalaşdyrmak ýalňyşlyk
Oct 01, 2023 09:45 Asia/Ashgabat
Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti boýun egmek we eglişik etmek mümkinçiliginiň stoldan aýrylandygyny aýtdy we sionist režimi bilen gatnaşyklaryň kadalaşmagyny ýalňyşlyk diýip atlandyrdy.
IRNA-nyň habaryna görä, Tähranda geçirilen 37-nji Halkara Yslam Agzybirligi konferensiýasynyň açylyş dabarasynda Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Seýid Ebrahim Raisi häzirki döwürdäki agzybirlik dinlerde ýa-da geografiýada agzybirligi däl-de, yslam ymmatynyň bähbitlerini goramak üçin agzybirligi we jebisligi aňladýar diýip beýan etdi.