Raisi: Günbataryň aýallaryň hukuklary baradaky talaplary diňe bir guraldyr
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i23300-raisi_günbataryň_aýallaryň_hukuklary_baradaky_talaplary_diňe_bir_guraldyr
Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti, "Güneş metbugat festiwalyna" gatnaşyjylar bilen duşuşygynda Günbataryň aýal-gyzlaryň hukuklary baradaky talaplary diňe ulanmak üçin bir guraldygyny aýtdy.
(last modified 2023-10-02T07:19:57+00:00 )
Oct 02, 2023 12:19 Asia/Ashgabat
  • Raisi: Günbataryň aýallaryň hukuklary baradaky talaplary diňe bir guraldyr

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti, "Güneş metbugat festiwalyna" gatnaşyjylar bilen duşuşygynda Günbataryň aýal-gyzlaryň hukuklary baradaky talaplary diňe ulanmak üçin bir guraldygyny aýtdy.

Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Seýid Ebrahim Raisi şu gün bu duşuşykda Yslam rewolýusiýasynda zenanlar zalym režime garşy durmakda, mukaddes goranmak döwründe, gurluşykda we dürli ylmy, medeni, jemgyýetçilik, syýasy we sport ugurlarynda möhüm roly oýnadylar diýdi.

Raisi sözüniň dowamynda häzirki wagtda günbatarlylar aýallaryň hukuklaryny goramak meselesini diňe garaşsyz ýurtlara basyş etmek üçin gural hökmünde ulanýarlar ýöne aslynda olar aýallaryň hukuklaryny we adam hukuklaryny goldamaýarlar, sebäbi günbatar jemgyýetlerinde adam we aýal hukuklarynyň bozulmagynyň uzyn sanawyny görmek bolýar diýdi.

Raisi şeýle-de Günbatarlylar 70 ýyl bäri Palestina halkynyň hukuklaryny äsgermezlik edýärler we 20 ýyllap Owganystanda bolmagynyň netijesi öldürmekden we ýok etmekden başga zat däldi diýdi.

Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti şeýle hem Günbatarlylar, esasanam Amerika, media imperiýasy bilen faktlary ýoýlan görnüşde beýan edýärler we takyk we hakyky habarlary basyp ýatyrýarlar we halklaryň arasynda häzirki zaman nadanlygy ösdürmäge çalyşýarlar diýip beýan etdi.

Raisi şeýle-de: Häzirki wagtda günbatarlylar iň mukaddes asmanlyk kitaby kemsidýärler we söz azatlygyny bu masgaraçylykly hereketde aýdýarlar, ýöne bu hilli hereketler söz, pikir we adamzat azatlygyna garşy gelýändir diýdi.