Ruhani:sebit ýurtlary bilen gatnaşyklary ösdürmek Eýran döwletiniň gün tertibindedir
Mar 26, 2018 11:22 Asia/Ashgabat
Eýranyň döwlet baştutany Hasan Ruhani syýasy,howpsyzlyk we ykdysady taýdan sebit ýurtlary bilen gatnaşyklary ösdürmek Tehran döwletiniň gün tertibindedir diýip yglan etdi.
şu gün Eýranyň prezidenti Hasan Ruhani Eýranyň üç güýjüniň başlyklarynyň arasynda eden çykyşynda Eýran Yslam Respublikasy sebitde howpsyzlygy we durnuklylygy pugtalandyrmak maksady bilen goňşy ýurtlar bilen gatnaşyklaryny ösdürmek ugurda tagalla edýändir diýdi.
Ruhani sözüniň dowamynda Siriýanyň dartgynlylygyny çözmek ugurda Eýran,Türkiýe we Orsýetiň başlyklarynyň geçirjek maslahatlaryna yşarat edip bu hili maslahatlar Eýran bilen sebit hemde dünýä ýurtlarynyň gatnaşyklarynyň ösmegine sebäp boljakdyr diýip nygtady.