Rewolýusiýanyň ýokary lideri: Aýallaryň mertebesini aýak aşagyna salmagy üçin Günbatar jogapkär bolmaly
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i23354-rewolýusiýanyň_ýokary_lideri_aýallaryň_mertebesini_aýak_aşagyna_salmagy_üçin_günbatar_jogapkär_bolmaly
Yslam rewolýusiýasynyň ýokary lideri, Hamedan welaýatynda şehit bolanlary ýatlamak boýunça ikinji milli gurultaýyň guramaçylary bilen geçirilen ýygnakda "Aýal-gyzlaryň mertebesini we abraýyny aýak aşagyna salmagy üçin Günbatar jogapkär bolmaly" diýdiler.
(last modified 2023-10-09T02:45:29+00:00 )
Oct 09, 2023 07:45 Asia/Ashgabat
  • Rewolýusiýanyň ýokary lideri: Aýallaryň mertebesini aýak aşagyna salmagy üçin Günbatar jogapkär bolmaly

Yslam rewolýusiýasynyň ýokary lideri, Hamedan welaýatynda şehit bolanlary ýatlamak boýunça ikinji milli gurultaýyň guramaçylary bilen geçirilen ýygnakda "Aýal-gyzlaryň mertebesini we abraýyny aýak aşagyna salmagy üçin Günbatar jogapkär bolmaly" diýdiler.

Yslam rewolýusiýasynyň ýokary lideri, Hamedan welaýatynyň taryhyň dürli döwürlerinde, esasanam Yslam Rewolýusiýasynyň ýeňşi we mukaddes goranyş döwründe täsirli roluna yşarat edip Iň möhüm wezipe, ajaýyp sungat eserleri bilen şehitleriň ýadyny we adyny diri saklamak we habarlaryny ýüreklere ýetirmekdir diýip nygtadylar.

Aýatolla Hameneýi, bu modelleri tanatmak üçin ajaýyp eserleri öndürmek üçin çeper usullary ulanyp, şehitleriň atlaryny diri galdyrmagyň iň täsirli usulyny sanap geçdiler.