Aragci: vadro ylalaşygy ugurda kynçylyk döredilmegini agyr netijeleri boljakdyr
Eýranyň daşary işler ministrniň syýasy işler boýunça orunbasary ýadro ylalaşygy bir howpsuzlyk ylalaşykdyr we göni tärde sebitiň we dünýäniň howpsuzlygyna baglanşyklydyr we egerde ýadro ylalaşygy barada kynçylyk dörese onuň agyr netijeleri bütindünýä köpçüligine boljakdyr diýdi.
ISNA habarlar gullugynyň beren habaryna görä Abbas Aragçi bir ýyl bäri Amerikanyň prezidenti Donald Trampyň ýadro ylalaşygyny bozjak ýada ony üýtgetjek bolup tagalla edip gelýänligini aýdyp Tramp şu ugurda şowsuzlyga uçrandyr diýip nygtady.
Eýranyň daşary işler ministrniň syýasy işler boýunça orunbasary Abbs Aragçi sözüniň dowamynda halkara köpçüligi we hatda Amerikanyň ýaranlary we ýewropalylar ýadro ylalaşygynyň goralmagyny isleýändirler we Donald Trampyň şu ugurda alyp barýan hereketlerine garşydyrlar diýip beýan etdi.
Eýranyň daşary işler ministrniň syýasy işler boýunça orunbasary Abbs Aragçi şeýle-de ýadro ylalaşygyndan çykmaklygyň Amerika we Ýewropalylara agyr netijeleri boljakdyr diýip sözüne goşdy.