Amirabdollahian bilen Lawrowyň Palestindäki wakalar barada telefon arkaly söhbetdeşligi
Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Huseýin Amirabdollahian Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen iki ýurdy gyzyklandyrýan iň möhüm meseleler, esasanam Palestindäki wakalar barada pikir alyşdy.
IRNA laýyklykda; Hosseýn AmirAbdollahian, Sionist režimiň soňky aýlarda Palestina halkyna garşy eden jenaýatlaryna salgylanyp Palestina topraklarynda bolup geçýän zatlar, Netanýahunyň ekstremizmine we palestina halkyna edilen adalatsyzlyga jogapdyr diýdi.
AmirAbdollahian Sionist režimiň suwy we elektrik toguny kesmek we Gazanyň halkyna azyk we derman önümleriniň iberilmeginiň öňüni almak baradaky wagşy we adamkärçiliksiz hereketlerine salgylanyp, basyp alyjy režimi bu hereketler bilen Gazanyň çydamly halkyny gyrmaga synanyşýandygyny aýtdy.
Russiýanyň Daşary işler ministri sionist režimiň hereketlerini ýazgarmak bilen konfliktleri gysga wagtda bes etmegiň we iki tarapyň arasynda ot açyşlygyň yatyrylmagynyň yglan edilmeginiň zerurdygyny aýtdy.