Amir Abdullahiýan: Boltonyň wezipä bellenmegi ýadro ylalaşygyndan utuk almak niýeti bilendir
Eýranyň mejlis başlygynyň halkara işler boýunça ýörite kömekçisi Amerikanyň prezidenti Donald Tramp, Jaohn Bolton ýaly ekstremist şahsyýetleri wezipä bellemek bilen ýadro ylalaşygyndan utuk aljak bolýandyr diýdi.
Donald Tramp geçen penşenbe gijesi Twitter sahypasynda Ak Tamyň milli howpsuzlyk maslahatçysy Herber Rimond mak Masteri wezipesinden boşadyp onuň ýerine John Boltony bu wezipä bellänligini yglan etdi.
Hoseýin Amir Abdullahiýan Amerikanyň prezidenti sebitde we dünýäde gorky döretmek niýeti bilen ekstremist şahsyýetlerden bolan John Boltony Ak Tamyň milli howpsuzlyk maslahatçysy wezipesine belländir diýip nygtady.
Eýran bilen gol çekilen ýadro ylalaşygy ýewropalylar bilen geçirilýän gepleşikler arkaly düzelmez diýip John Bolton aýdandyr.