Raisi: Şu gün Sionistlerden soňky sesler Al-Aqsa metjidiniň minaralaryndan eşidilýär
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i23392-raisi_Şu_gün_sionistlerden_soňky_sesler_al_aqsa_metjidiniň_minaralaryndan_eşidilýär
Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Sionist režimiň çaga öldürmegi bu režimiň ýykylmagyny we umytsyzlygyny görkezýär diýdi.
(last modified 2023-10-12T13:11:08+00:00 )
Oct 12, 2023 18:11 Asia/Ashgabat

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Sionist režimiň çaga öldürmegi bu režimiň ýykylmagyny we umytsyzlygyny görkezýär diýdi.

Palestina Yslam Garşylyk Hereketi (Hamas) sionistleriň jenaýatlaryna jogap hökmünde şenbe güni (7-nji oktýabr) "Al-Aqsa tupany" operasiýasyna başlady.

Palestinanyň Yslam Garşylyk Hereketiniň (Hamas) harby bölüminiň Ysraýylyň basyp alyjy  režimine garşy geçirilen "Al-Aqsa tupany" diýlip atlandyrylýan operasiýadan soň, sionist režim Gaza zolagyna hüjüm etdi we bu hüjümler dowam edýär.

Bu mesele bilen baglanşykda Eýran Prees-yň habaryna görä, Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Seýid Ybraýym Raisi şu gün penşenbe güni Fars welaýatynyň (Eýranyň günortasy) Şiraz şäheriniň Ahmad Bin Musa  Şah Çirag (AS)-yň mukaddes ýerindäki ýaşaýjylarynyň ýygnagynda eden çykyşynda häzirki wagtda sionistlerden soňky sesleriň we bu režimiň ýok edilmeginiň Al-Aqsa metjidiniň minaralaryndan eşidilýändigini duýýarys diýdi.

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti şeýle-de Sionist režimiň yzyna dolanyp bolmajak ýok bolmagy, Gazanyň we Palestiniň goragsyz halkyna garşy eden gyrgynçylyklary bilen duýulýar, bu elbetde sionist režimiň umytsyzlygynyň alamatlary we ejizligidir diýdi.