Başar Assad Amir Abdollahian bilen duşuşygynda: Sionist režimiň Gazadaky jenaýatlarynyň öňüni almaly
(last modified Sat, 14 Oct 2023 10:07:57 GMT )
Oct 14, 2023 15:07 Asia/Ashgabat
  • Başar Assad Amir Abdollahian bilen duşuşygynda: Sionist režimiň Gazadaky jenaýatlarynyň öňüni almaly

Siriýa Respublikasynyň Prezidenti, Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri bilen bolan duşuşygynda: Sionist režimiň Gazanyň halkyna garşy wagşyçylykly jenaýat işiniň dowam etmeginiň öňüni almalydyrys diýdi.

Ýaş istsurnalistler klubynyň hasabatyna görä, "Amir Abdollahian" Siriýanyň prezidenti bilen duşuşygynda, Gazada adamlaryň, çagalaryň, aýallaryň we garrylaryň rehimsizlik bilen öldürilmegi, gabaw, suw, elektrik we ýangyçyň kesilmegi bu sebit we Gazadaky öýleri, jemgyýetçilik we lukmançylyk edaralaryny bombalamagi urş jenaýaty hasaplamak bilen Günbatarlylar sionist režimden başga ähli taraplary saklanmaga çagyrýarlar diýdi.

Eýranyň daşary işler ministri sözüniň dowamynda Eýran bilen Siriýanyň Palestina halkynyň garşylygyny goldaýandygyny aýtmak bilen ýöne palestinalylaryň soňky eden işi düýbünden Palestina karary, dizaýny we çäresidir diýip beýan etdi.

"Amir Abdollahian", Günbataryň sionistleriň jenaýatlaryny aklamak we kanunlaşdyrmak üçin Gazadaky faktlary we hakykatlary galplaşdyrmaga synanyşýandygyny aýtmak bilen Garşylyk güýçleri sionist režime garşy durmak ukybyna eýedir diýdi.

Bu duşuşykda Siriýa Respublikasynyň Prezidenti günbatarlylaryň sionist režim tarapynda durmagynyň sebäbiniň Ysraýylyň güýçli syýasy, ykdysady we jemgyýetçilik krizisleri we bu režimiň dargamagy howpy baradaky aladalarydygyny aýtmak bilen Eýranyň Yslam ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň adatdan daşary ýygnagyny geçirmek baradaky syýasy başlangyjyny goldady.

Tags