Yslam rewolýusiýasynyň ýokary derejeli lideri: Palestina we Gaza; yslamyň güýjüniň beýanydyr
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i23406-yslam_rewolýusiýasynyň_ýokary_derejeli_lideri_palestina_we_gaza_yslamyň_güýjüniň_beýanydyr
Yslam rewolýusiýasynyň ýokary derejeli lideri, Nigeriýanyň Yslam Hereketiniň lideri bilen bolan duşuşygynda: Palestina we Gaza; yslamyň güýjüniň beýanydyr diýdiler.
(last modified 2023-10-14T10:49:43+00:00 )
Oct 14, 2023 15:49 Asia/Ashgabat
  • Yslam rewolýusiýasynyň ýokary derejeli lideri: Palestina we Gaza; yslamyň güýjüniň beýanydyr

Yslam rewolýusiýasynyň ýokary derejeli lideri, Nigeriýanyň Yslam Hereketiniň lideri bilen bolan duşuşygynda: Palestina we Gaza; yslamyň güýjüniň beýanydyr diýdiler.

Yslam rewolýusiýasynyň ýokary lideri Hezretleri Aýatolla Hameneý, şu gün (şenbe) Nigeriýanyň Yslam Hereketiniň lideri Şeýh Ebrahim Zakzaky we aýaly bilen duşuşygynda, onuň we maşgalasynyň edýän tagallalaryna minnetdarlyk bildirmek bilen Yslamyň dünýäde barha artýan güýji, giňden ýaýran dildüwşüklere garamazdan, mujahidleriň tagallarynyň netijesi hasaplandy we basylyp alnan Palestinanyň we esasanam Gazanyň şertlerine salgylanyp, häzirki wagtda Yslamyň güýjüniň ýüze çykmalarynyň biri Palestinde bolup geçýän meselelerdir diýip beýan etdiler.

Hezretleri şeýle-de Palestinde soňky günler, esasanam partlamalar we aýallaryň, çagalaryň we erkekleriň şehit bolmagy adamyň ýüregine agyr degýär emma bu wakalaryň başga bir bölegi, Yslamyň Palestindäki ajaýyp güýjüni görkezýär we Gudratygüýçli Allanyň merhemeti bilen Palestinde başlanan bu hereket öňe gidip, palestinalylaryň doly ýeňşine alyp barar diýdiler.

Yslam rewolýusiýasynyň ýokary ýolbaşçysy: Yslam dünýäsinde palestina halkyna kömek etmek borjunyň bardygyny aýtdylar.

Hezretleri Aýatolla Hameneýi, Eýranda yslam ulgamynyň döremegi we köp asyrlardan soň syýasy yslamyň pikirine esaslanýan hökümet gurmak Yslam dininiň güýjüniň bir tarapy hasaplamak bilen Yslam respublikasy döredileli bäri günsaýyn güýçlenýär we geljekde hem güýçlener diýip nygtadylar.

Hezretleri şeýle-de dünýädäki yslam işleriniň günsaýyn giňelýändigini aýtmak bilen häzirki wagtda Yslam hereketi Afrika, Aziýa, Ýewropa we Demirgazyk Amerika ýaly dünýäniň dürli künjeklerinde giňelýär we Taňrynyň merhemeti bilen bu hereketiň üstünligi has güýçli dowam eder diýip beýan etdiler.

Yslam rewolýusiýasynyň ýokary derejeli lideri çykyşynyň başga bir bölüminde Şeýh Zakzaky we maşgalasy bilen duşuşygy diýseň begendirdi diýip sözlerine goşdylar.

Nigeriýadaky yslam hereketiniň lideri Şeýh Ebrahim Zakzaky we aýaly hem bu duşuşykdan uly hoşallyk bildirdiler we duýgularyny düşündirip bolmajak diýip atlandyrmak bilen Alyhezretiňiziň dilegleri we musulmanlaryň tagallalary bilen yslam günsaýyn ýaýbaňlanar diýip umyt edýäris diýdi.